Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan 2017-nji ýyl türkmen halky üçin taryhy ähmiýetli wakalara baý boldy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň gazanan ýeňişleri milli sportumyzyň dünýä derejesinde belent sepgitleri eýelemäge ukyplydygyny has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.
üştdepdi aýdym-saz sungatynyň ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni gymmatlygynyň sanawyna girizilmegi hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy gorap saklamak, ösdürmek, ony dünýä ýüzünde wagyz etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejesindäki ykrarnamasy boldy. 2017-nji ýylyň ahyrky günlerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 20-nji dekabrda geçirilen 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň aragatnaşygyny berkitmek” atly ýene-de bir Rezolýusiýany kabul etmegi Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň ajaýyp ykrarnamasyna öwrüldi.
“Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilýän 2018-nji ýylyň hem ýurdumyz üçin şanly-şöhratly boljakdygyny 2017-nji ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikleriň netijeleri has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Munuň özi berkarar ýurdumyzda Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy bilen her bir günüň, her bir ýylyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunlukda, tutuş halkymyz Täze ýyly uly ruhubelentlik we beýik zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar.
Bägül Saparowa,
Türkmen döwlet binagärlik-
gurluşyk institutynyň talyby.