Fransiýaly tennisçi Marion Bartoli 5 ýyldan soň, täzeden özüniň söýgüli sportuna dolanýandygyny habar berdi. 33 ýaşly Bartoli bu barada: – Täzeden kortlara dolanmak üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýan, aýratynam, janköýerleri küýsedim.Ýöne entek doly taýýar bolýançam, ýaryşlara gatnaşmakçy däl – diýip, beýanat berdi. Ol özüniň şeýle karara gelmeginde Wenus we Serena Williamslaryň uly goşandynyň bardygyny belläp: – Olaryň ikisi-de meni haýran galdyrýar. 37 ýaşly Wenus şu ýyl 2 “Uly tuwulgada” finala çykdy. Serena bolsa, golaýda dolanýar. Ikisi-de Tokio 2020 Olimpiýa oýunlaryna çenli tennis oýnajakdyklaryny aýdýarlar – diýdi. Şeýle-de Bartoli özüni tennisi ilki taşlap, soňra täzeden dolanan we 3 “Uly tuwulga” gazanan daniýaly Kim Kliýsters bilen deňeşdirmeýändigini hem ýatlatdy. Marion Bartoli 2000–2013-nji ýyllarda çykyş edip, 8 bäsleşikde çempion bolupdy. Ol 2013-nji ýylda “Wimbledonyň” finalynda germaniýaly Sabine Lisikini utup, karýerasyndaky ýeke-täk “Uly tuwulga” kubogyny gazanypdy we şondan soň, tennisi taşlapdy.