Urugwaýly futbolçy Sebastian Abreu karýerasyndaky 26-njy kluby bilen şertnama baglaşdy. 41 ýaşly hüjümçi Çiliniň “Audaks Italiano” topary bilen 1 ýyllyk ylalaşyk gazandy. Şeýlelikde, “Audaks Italiano” urugwaýly hüjümçiniň çykyş etjek 26-njy kluby bolar. Milli toparda 70 oýun geçiren Abreu şu wagta çenli ýurdunyň “Nasional”, Meksikanyň “Tigres”, “Kruz Azul”, Argentinanyň “Riwer Pleýt”, “San Lorenzo”, Ispaniýanyň “Deportiwo”, “Real Sosiedad”, Gresiýanyň “Aris”, Braziliýanyň “Botafoga” ýaly jemi 25 dürli klubuň köýnekçesini geýdi. Karýerasyna 1995-nji ýylda başlan Abreu iň köp klubda çykyş eden futbolçylaryň sanawynda 25 toparda, şol birwagtyň özünde-de, FIFA-nyň ähli konfederasiýasynda oýnan germaniýaly derwezeçi Lus Pfannenştilden öňe saýlanyp, 3-nji orna geçdi. Bu ugurda 29 klubuň köýnekçesini geýen angliýaly futbolçylar Trewor Benžamin bilen Jon Burrij öňde barýar.