Formula1 boýunça dünýä çempionatynyň täze möwsüminde 21 bäsleşik geçiriler. Bu barada FIA giňişleýin habar berýär. Geçen möwsümde 20 bäsleşik bolup, sanawdan çykarylan Malaýziýa “Gran Prisiniň” ornuna Fransiýa “Gran Prisi” hem-de 1 ýyllyk arakesmeden soň, Germaniýa “Gran Prisi” täze ýaryş ýerleri hökmünde hasaba alyndy. Bilşiňiz ýaly, Malaýziýa “Gran Prisi” 1999-njy ýyldan bäri sanawda bolup, bu trassada şu möwsümde iň soňky sapar ýaryş geçirilipdi. Onuň ornuna alnan Fransiýa “Gran Prisi” 9 ýyldan soň, F1-iň senenamasyna girizilip, bäsleşik Le-Kastelle (War) şäherindäki Pol Rikaryň adyny göterýän trassada geçiriler. Şeýle-de 21-nji oktýabrdaky Amerika “Gran Prisiniň” geçirilip-geçirilmejekdigi häzirlikçe anyk däl. Formula 1 boýunça möwsüm adatça bolşy ýaly, mart aýynda Awstraliýa “Gran Prisi” bilen başlap, noýabrda-da Abu Dabi “Gran Prisi” bilen tamamlanar.
Formula 1 boýunça 2018-nji ýylyň (72-nji möwsümiň) bäsleşikleri: 1. Awstraliýa GP (25-nji mart), 2. Bahreýn GP (8-nji aprel), 3. Hytaý GP (15-nji aprel), 4. Azerbaýjan GP (29-njy aprel), 5. Ispaniýa GP (13-nji maý), 6. Monako GP (27-nji maý), 7. Kanada GP (10-njy iýun), 8. Fransiýa GP (24-nji iýun), 9. Awstriýa GP (1-nji iýul), 10. Britaniýa GP (8-nji iýul), 11. Germaniýa GP (22-nji iýul), 12. Wengriýa GP (29-njy iýul), 13. Belgiýa GP (26-njy awgust), 14. Italiýa GP (2-nji sentýabr), 15. Singapur GP (16-njy sentýabr), 16. Russiýa GP (30-njy sentýabr), 17. Ýaponiýa GP (7-nji oktýabr), 18. Amerika GP (21-nji oktýabr), 19. Meksika GP (28-nji oktýabr), 20. Braziliýa GP (11-nji noýabr), 21. Abu Dabi GP (25-nji noýabr).