Ral­li bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň (WRC) 4-nji tap­gy­ry Ar­gen­ti­na­da bo­lup, on­da “Hýun­dai” to­pa­ry­nyň Tä­ze ze­lan­di­ýa­ly sü­rü­ji­si Haý­den Pad­don ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýur­duň Wil­la Kar­los Paz şä­he­rin­de ge­çi­ri­len 364,68 ki­lo­metr­lik ýa­ry­şy 3 sa­gat 40 mi­nut 52,9 se­kunt­da ta­mam­lan Pad­don kar­ýe­ra­syn­da il­kin­ji ge­zek ýe­ňi­ji bol­dy. Ol şu ýyl Şwe­si­ýa Ral­li­sin­de 2-nji or­ny eýe­läp­di. Möw­sü­miň 1–2-nji ýa­ry­şy­nyň ýe­ňi­ji­si, “Wolks­wa­gen” to­pa­ryn­yň sürüjisi Se­bas­ti­an Ožie Pad­don­dan 14,3 se­kunt­lyk az ne­ti­je gör­kez­di. Fran­suz pi­loty Mek­si­ka Ral­li­sin­den soň, Ar­gen­ti­na­da hem 2-nji ýer bi­len oň­ňut et­me­li bol­dy. Mün­be­riň 3-nji­lik bas­gan­ça­gy­na Ožie­niň nor­we­gi­ýa­ly to­par­da­şy And­res Mik­kel­sen çyk­dy. Ol ýe­ňi­ji­den 1 mi­nut 05,2 se­kunt yza gal­dy. “Wolks­wa­gen” to­pa­ry­nyň fin pi­lo­ty öň­de bar­ýan ýa­ry­şy­nda he­läk­çi­li­ge uç­rap, ony ta­mam­lap bil­me­di.
4 ýa­ryş­dan soň, utu­gy­ny 96-a çy­ka­ran Se­bas­ti­an Ožie sa­na­wyň ba­şy­ny çek­ýär. Soň­ky 3 ýy­lyň çem­pio­ny Ožie­den 39 utu­gy az, 57 utuk­ly Pad­don 2-nji, 52 utu­gy bar bo­lan Mads Ost­berg 3-nji or­ny eýe­le­ýär. Dün­ýä Ral­li çem­pio­na­ty­nyň möw­süm­dä­ki 5-nji ýa­ry­şy 19–22-nji maý ara­ly­gyn­da Por­tu­ga­li­ýa­da ge­çi­ri­ler.