2017-nji ýyl­da Ýew­ro­pa­da iň köp gol ge­çi­ren fut­bol­çy “Tot­ten­he­miň” iň­lis hü­jüm­çi­si Har­ri Keýn bol­dy. Ol “Pre­mi­er li­ga­da” oý­na­lan soň­ky 2 tap­gyr­da-da het-trik edip, şu ýyl­ky (ýan­war–de­kabr ara­ly­gy) gol­la­ry­nyň sa­ny­ny 56-a ýe­tir­di (52 oýun, or­ta­ça 1,08 gol­dan). Şeý­le­lik­de, Keýn 2017-nji ýy­lyň iň ne­ti­je­li hü­jüm­çi­si bo­lup, ol bu ugur­da 54 gol­ly Lio­nel Mes­si­den (64 oýun­da) hem-de 53 ge­zek ta­pa­wut­la­nan Ro­bert Le­wan­dows­kiden (55 oýun­da), Edin­son Ka­wa­niden (59 oýun­da) hem-de Kris­tia­no Ro­nal­do­dan (62 oýun­da) öňe saý­lan­dy. 24 ýaş­ly Keýn şol 56 go­luň 49-sy­ny “Tot­ten­he­miň” köý­nek­çe­si bi­len ge­çi­ren bol­sa, 7 pök­gi­ni-de Ang­li­ýa­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da der­we­zä gi­riz­di. Keýn 2017-nji ýyl­da klub­lar­da 49 gol ge­çi­rip, 50 to­py der­we­zä gi­ri­zen Mes­si­dir Ka­wa­ni­den yza gal­dy.
Hä­zir­ki döw­rüň iň esa­sy hü­jüm­çi­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Har­ri Keýn “Pre­mi­er li­ga” de­giş­li ha­sa­bat­lar­da-da öňe saý­lan­dy. Ol 2017-nji ýyl­da Ang­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da 39 gol ge­çi­rip (36 oýun­da), Alan Şi­re­riň 1995-nji ýyl­da­ky 36 gol­ly (42 oýun­da) re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ol 1 ýy­lyň do­wa­myn­da 6 het-trik edip, bu ba­bat­da-da re­kord goý­dy. Keýn 1 ýyl­da yz­ly-yzy­na 2 gezek het-trik eden il­kin­ji fut­bol­çy bol­dy. Onuň “Pre­mi­er li­ga­da­ky” het-trik­le­ri­niň sa­ny 8-e ýe­tip, Ti­er­ri An­ri hem-de Maýkl Owen bi­len deň­leş­di. Keýn bu ugur­da Alan Şi­rer (11) hem-de Rob­bi Fow­ler­den (9) yz­da bar­ýar.
2017-nji ýyl­da iň köp gol ge­çi­ren oýun­çy­lar: 1. Har­ri Keýn – 56 gol (52 oýun), 2. Lio­nel Mes­si – 54 gol (64 oýun), 3. Ro­bert Le­wan­dows­ki – 53 gol (55 oýun), 4. Kris­tia­no Ro­nal­do – 53 gol (59 oýun), 5. Edin­son Ka­wa­ni – 53 gol (62 oýun).