Hytaýda aýnadan gurlan dünýäniň iň uzyn köprüsi ulanylmaga berildi. Ol 200 metr belentlikde ýerleşip, onuň uzynlygy takmynan ýarym kilometre deňdir. Köpriniň ähli gurnama işleri dury aýnadan edilipdir, onuň galyňlygy 4 santimetre barabardyr.
– Biz bu köprini geçmegi başardyk. Aşak seretmek örän gorkunç. Dury aýna we 200 metr çuňluk. Örän täsin. Bu ýere gelendigimiz üçin birjik-de ökünmedik – diýip, syýahatçylar gürrüň berýär.
Aýnadan gurnalan bu köpri birbada 3 müň adamy götermek mümkinçiligine eýedir. Ýöne birwagtda köprä 600-den köp adam goýberilmeýär. Bu pyýada köprüsi Hytaýyň Hebeý welaýatynda guruldy.
Dagyň 2 beýik gaýalaryny birleşdirýän köpriniň beýikligi 66 gatly binanyň beýikligine deňdir. Ol 1000-den gowrak we 4 santimetr galyňlygyndaky aýna panelden ýasaldy. Ýurduň beýleki welaýatlarynda-da şeýle aýna köprüleri görmek bolýar. Geçen ýyl Hunan welaýatynda 430 metr uzynlygynda ýene-de bir aýnadan köpri ulanmaga berlipdi.