Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşde Ýewropa ýurtlaryndan öňe saýlanandygy mälim edildi. Bu barada britan ykdysadyýetçileri habar berýär. Merkezi binasy London şäherinde ýerleşýän Ykdysady we işewürlik barlaglary merkeziniň (CEBR) maglumatyna görä, 2018-nji ýylda Hindistan jemi içerki önüminiň ösüş depgini boýunça Beýik Britaniýadan hem-de Fransiýadan öňe saýlanar we dünýäniň 5-nji uly ykdysady taýdan kuwwatly ýurduna öwrüler.
Hünärmenleriň bellemegine görä, 2032-nji ýylda Hindistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi boýunça häzirki 7-nji ornundan 3-nji orna geçmegine garaşylýar. Tutuş dünýäde sanlaýyn ykdysadyýet ulgamynyň döredilmegi bilen ählumumy ykdysady ösüş täzeden rowaçlanýar. Bu ugurda Aziýanyň öňdebaryjy ýurtlary Hytaý, Hindistan hem-de Ýaponiýa uly işler alyp barýarlar. Häzirki wagtda Hindistanyň ykdysady ösüşi 6,3 göterime deň. Maglumata görä, 2032-nji ýylda Hytaý ykdysady ösüş sanawynda birinji orny eýelär.