Türk­me­nis­tan 2018-nji  ýyl­ üçin iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň hatarynda öňe saý­lan­dy. Ital­ýan te­le­ýaý­ly­my “Rai 3” dür­li ýurt­la­ra ama­la aşy­ry­lan sy­ýa­hat­çy­lyk mak­sat­ly ge­ze­lenç­le­rin­den soň te­le­to­ma­şa­çy­la­ryň ara­syn­da 2018-nji ýyl­ üçin iň go­wy syýahatçylyk ugurlary ba­ra­da pi­kir so­ra­ly­şyk ge­çir­di. Ses ber­li­şi­giň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­tan “Ta­ryh” derejesi bo­ýun­ça iň go­wy ýurt diý­lip at­lan­dy­ryl­dy.

Bäş müň ýyl­lyk ta­ry­hy bo­lan türk­men hal­ky­nyň pa­leo­lit we me­zo­lit döw­rü­ne de­giş­li bir­gi­den ta­pyn­dy­la­ry mu­ňa do­ly şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň çäk­le­rin­de Mar­guş ýur­du­nyň ga­lyn­dy­la­ry (ga­dy­my grek we rim res­mi­na­ma­la­ryn­da – Mar­gia­na), Par­fi­ýa ga­la­sy we beý­le­ki ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler sak­la­nyp ga­lyp­dyr. Ga­dy­my­ýet­de bu ýur­duň üs­tün­den stra­te­gik taý­dan mö­hüm ýol – Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ge­çip­dir – di­ýlip, bellenilýär.
Türk­me­nis­tan­da ta­ryh bi­len gy­zyk­lan­ýan­lar üçin sy­ýa­hat et­mä­ge köp­san­ly ta­ry­hy ýer­le­riň bar­dy­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Türk­me­nis­tan­da­ky has özü­ne çe­ki­ji ýa­dy­gär­lik­le­riň ha­ta­ryn­da Al­tynde­pä­ni ýat­lap geç­mek müm­kin. Ga­dy­my şä­her ta­ryh­çy­lar ta­ra­pyn­dan bü­rünç asy­ry­na (mi­la­dy­dan öň, 2300 – 1900 ýyl­lar) de­giş­li ha­sap­lan­ýar.
Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň gün­do­ga­ry özü­niň or­ta asyr­la­ra de­giş­li baý ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şol za­man­lar­da me­de­ni­ýe­tiň we yl­myň ösü­şi­niň de­re­je­si bo­ýun­ça dün­ýä­de bu ül­kä­niň de­ňi-ta­ýy bol­man­dyr. Il-Ars­la­nyň, Te­ke­şiň, Tö­re­beg ha­ny­myň, Gut­lug Ti­mu­ryň, As­ta­naba­ba­nyň aram­gäh­le­ri sy­ýa­hat­çy­la­ryň pi­ki­ri­ni ga­dy­my­ýe­tiň jüm­mü­şi­ne alyp gid­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen ar­heo­lo­gik, me­de­ni-ta­ry­hy ýa­dy­gär­lik­ler­de ga­zuw-ag­ta­ryş we top­lum­la­ýyn di­kel­diş iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi­niň me­ýil­leş­di­ril­ýän­di­gi­ni na­za­ra ala­nyň­da, “Rai 3” te­le­ýaý­ly­my­nyň ge­çi­ren pi­kir so­ra­ly­şy­gyn­da ýur­du­my­zyň “Ta­ryh” derejesi bo­ýun­ça iň go­wy ýurt diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy gu­wan­dy­ry­jy ýag­daý­dyr.
Geçen ýylyň 15-nji de­kabryn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen Türk­me­nis­ta­nyň çä­gin­dä­ki ta­ry­hy-me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler­de ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ni ge­çir­me­giň Döw­let mak­sat­na­ma­sy hö­dür­len­di. Ol 2018-2021-nji ýyl­lar üçin ni­ýet­le­nip, da­şa­ry ýurt­la­ryň yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri bi­len hal­ka­ra yl­my gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­ny we hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ni, ga­zuw-ag­ta­ryş iş­le­ri­ne meş­hur alym­la­ryň çe­kil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýar.