Dün­ýä­niň iň ir­ki fut­bol ýa­ryş­la­ryn­dan Ang­li­ýa­nyň FA ku­bo­gy­nyň ýa­rym fi­nal du­şu­şyk­la­ry Lon­don­da­ky “Wemb­li­de” oý­na­lyp, fi­nal­çy­lar bel­li bol­dy. Çe­ke­le­şik­li ge­çen oýun­da “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” “Ewer­to­ny” 2–1 ha­sa­byn­da ýe­ňip, 9 ýyl­dan soň, fi­na­la çyk­dy. 34-nji mi­nut­da Ma­ru­an Fel­lai­ni­niň go­ly esa­syn­da öňe saý­la­nan “Ýu­naý­te­diň” der­we­ze­sin­den ha­sa­by deň­län to­py 75-nji mi­nut­da ýal­ňyş­lyk bi­len to­pa­ryň öz oýun­çy­sy Kris Smol­ling ge­çir­di. “Ewer­ton­ly” Ro­me­lu Lu­ka­ku­nyň pe­nal­ti sa­lyp bil­me­dik oý­nun­da “Man­çes­te­ri” fi­na­la çy­ka­ran pök­gi­ni 90+3-nji mi­nut­da En­to­ni Mar­şi­al der­we­zä sal­dy.
Beý­le­ki ýa­rym fi­nal­da “Kris­tal Pa­las” to­pa­ry bi­len “Wat­ford” klu­by du­şuş­dy. Bu oýun hem 2–1 ha­sa­byn­da gu­ta­ryp, “Kris­tal Pa­las” 26 ýyl­dan soň, ta­ry­hyn­da 2-nji sa­par FA ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da oý­na­ma­ga yg­ty­ýar al­dy. Lon­don­ly­la­ryň gol­la­ry­ny Ýan­nik Bo­la­si (6) bi­len Kon­nor Wik­ham (61), “Wat­for­dyň” to­pu­ny-da Troý Di­neý (55) öz ady­na ýaz­dyr­dy.
Şun­luk­da, 2-nji ge­zek fi­na­la çy­kan “Kris­tal Pa­las” mun­dan öň­ki fi­na­lyn­da-da “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” bi­len du­şu­şyp­dy. 1990-njy ýyl­da­ky bu fi­nal 3–3 ha­sa­byn­da deň­me-deň gu­ta­ryp­dy. 5 gün­den soň tä­ze­den oý­na­lan du­şu­şyk­da “Ýu­naý­ted” 1–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. “Man­çes­ter Ýu­naý­ted” bu ku­bo­gy hä­zi­re çen­li 11 ge­zek al­ma­gy ba­şar­dy we bu ugur­da “Ar­se­nal­dan” soň, 2-nji ha­tar­da bar­ýar.
“Man­çes­ter Ýu­naý­ted” bi­len “Kris­tal Pa­la­syň” ara­syn­da­ky 135-nji FA ku­bo­gy­nyň fi­na­ly 21-nji maý­da “Wemb­li­de” oý­na­lar.