Dünýäniň iň kynçylykly bäsleşikleriniň biri bolan Dakar Rallisi şu gün badalga alar. 40-njy Dakar Rallisi eýýäm 10-njy gezek Günorta Amerikada geçirilýär. 20-nji ýanwarda tamamlanjak ýaryş 14 tapgyrdan ybarat bolup, ol Peru döwletiniň paýtagty Limadan başlanar. Boliwiýanyň çäginden geçýän ýaryş Argentinanyň Kordoba şäherinde-de tamamlanar. Sürüjiler 9000 kilometre golaý ýol geçerler. 300 töweregi türgeniň gatnaşjak ýaryşynda sürüjiler motosikl, ýeňil ulaglar, ýük ulaglary, kuadrasikl hem-de UTV ulaglary bilen bäsleşerler. Motosiklçileriň arasynda soňky çempion britaniýaly Sem Sanderland, ispaniýaly Hoan Barreda, awstraliýaly Toby Praýs, slowakiýaly Stefan Switko dagy esasy dalaşgärleriň hatarynda görkezilýär. Ýeňil awtoulag sürüjilerden Dakar Rallisiniň iň köp çempion bolan piloty “Peugeot” toparynyň wekilleri Stefan Peteransel, Dünýä Ralli çempionatynda 9 gezek ýeňiş gazanan Sebastian Lýob, şol sanda Siril Depre (üçüsem Fransiýa) hem-de ispaniýaly Karlos Saýns, “Toyota” toparyndan katarly Nasser Al-Attiýa bilen Günorta afrikaly Jiniel de Williers, “Mini”-den ispaniýaly Nani Roma, finlýandiýaly öňki Formula 1 sürüjisi Mikko Hirwonen çempionlygyň esasy göreşijileri bolar. Ýük ulaglaryndan “Kamaz” toparyndan Eduard Nikolaýew, Dmitriý Sotnikow, “Iveco”-dan Federiko Wilýagra, TATRA-dan Aleş Loprais, şeýle-de kuadrasikllere erk edýänlerdenem russiýaly Sergeý Karýakin bilen çilili Igansiýa Kasale, argentinaly Pablo Kopetti we polşaly Rafal Sonik birinjilik ugrunda dalaş ederler.