Gananyň paýtagty Akkrada geçirilen dabarada Müsürli hüjümçi Mohamed Salah “Afrikada ýylyň futbolçysy” diýlip, yglan edildi. “Liwerpul” klubunyň 25 ýaşly hüjümçisi Salah bu ugurda senegally topardaşy Sadio Mane bilen “Borussiýa Dortmundyň” gabonly ýyldyzy Pier-Emerik Obameýangdan öňe saýlandy.
1992-nji ýylyň 15-nji iýunynda Müsüriň Nagrig diýen ýerinde dünýä inen Salah 2006-njy ýylda ýurdunyň “El Mokawlun” toparynyň ýaşlar düzüminde futbola başlaýar. 2010-njy ýylda bu klubda professionallyga ädim äden Salah 2012-nji ýylda “Bazel”, 2 ýyl soňam “Çelsä” transfer bolýar. 2015-nji ýylyň ilkinji 6 aýyny “Fiorentinada” kärendesinde geçiren Salah, soňra 2 möwsüm “Romanyň” köýnekçesini geýýär. Şu möwsümiň başynda-da “Liwerpul” bilen şertnama baglaşan hüjümçi özüniň ýokary tizligi bilen tapawutlanýar. Müsüriň 28 ýyldan soň, Dünýä Kubogyna gatnaşmagyna uly goşant goşan Salah “Liwerpul” bilen “Premier liganyň” çäklerinde 21 oýunda 17 gezek tapawutlanýar. Müsüriň ýygyndysynda-da 56 duşuşykda 32 goly öz adyna ýazdyran Salahyň Dünýä Kubogynda görkezjek oýny eýýämden köpleriň üns merkezinde.
IŇ KÖP ETO’O BILEN TURE ALDY
Afrikada ýylyň futbolçysy baýragyny 1992-nji ýyldan bäri Afrika futbol konfederasiýasy gowşurýar. Bu sylag ondan öň, has takygy, 1970–1994-nji ýyllar aralygynda “France Football” žurnalynyň garamagynda berilýärdi. Geçen ýyl bu baýragy “Lester Sitiniň” taryhy çempionlyk gazanmagynda uly rol oýnan alžirli Riýad Mahrez eýeläpdi. 1992-nji ýyldan bäri hasaba alnanda, bu baýragy iň köp kamerunly Samuel Eto’o (3-si yzly-yzyna) bilen kot-d’Iwuarly Ýaýa Ture (4-si hem yzly-yzyna) gazandy. Olaryň ikisi-de 4 gezek yklymyň futbolçysy saýlandy. Bu arzyly baýragy şu wagta çenli 16 futbolçy gazandy. Mohamed Salah ony alan 17-nji oýunçy hem-de ilkinji müsürli futbolçydyr.
Afrikada ýylyň futbolçysy baýragyny gazananlar: 1992. Abedi Pele (Gana), 1993. Raşid Ýekini (Nigeriýa), 1994. Emmanuel Amunike (Nigeriýa), 1995. Jorj Wea (Liberiýa), 1996. Nwankwo Kanu (Nigeriýa), 1997. Wiktor Ikpeba (Nigeriýa), 1998. Mustafa Hadži (Marokko), 1999. Nwankwo Kanu (Nigeriýa), 2000. Patrik M’Boma (Kamerun), 2001–2002. El Hadži Diuf (Senegal), 2003–2005. Samuel Eto’o (Kamerun), 2006. Didie Drogba (Kot-d’Iuwar), 2007. Frederik Kanute (Mali), 2008. Emmanuel Adebaýor (Togo), 2009. Didie Drogba (Kot-d’Iuwar), 2010. Samuel Eto’o (Kamerun), 2011–2014. Ýaýa Ture (Kot-d’Iuwar), 2015. Pier-Emerik Obameýang (Gabon), 2016. Riýad Mahrez (Alžir), 2017. Mohamed Salah (Müsür).