Fran­si­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on­ly­gy­ny bireý­ýam yg­lan eden “Pa­ri Sen Žer­men” Li­ga ku­bo­gy­nyň fi­na­lyn­da “Lill” bi­len du­şuş­dy. Oý­nuň 40-njy mi­nu­tyn­da Ha­wi­er Pas­to­re pa­riž­li­le­ri öňe çy­kar­dy. 2-nji ýa­ry­myň il­kin­ji mi­nut­la­ryn­da, has ta­ky­gy, 49-njy mi­nut­da Si­di­be ha­sa­by deň­le­di. 70-nji mi­nut­da PSŽ-den Ra­bio gy­zyl pe­tek al­dy. Ýö­ne mu­ňa ga­ra­maz­dan, er­jel­li­gi el­den ber­me­dik PSŽ to­pa­ry baş­ga bir ar­gen­ti­na­ly oýun­çy­sy – An­hel Di Ma­ri­ýa bi­len 74-nji minutda ýe­ne bir ýo­la öňe saý­lan­dy. Bu pökgi du­şu­şyk­da­ky soň­ky gol bol­dy. Şeý­le­lik­de, PSŽ bas­syr 3-nji ge­zek Li­ga ku­bo­gy­ny eýe­le­­di. Eý­ýäm şu möw­süm­de 2 ýa­ryş­da ýe­ňi­ji bo­lan PSŽ ge­çen ýyl Fran­si­ýa­da 4 ku­bok alyp­dy. PSŽ öňü­miz­dä­ki aý­da “Mar­se­li” utup, Fran­si­ýa­nyň ku­bo­gy­ny hem al­sa, on­da olar 3 ku­bo­gy-da bas­syr 2 ge­zek eýe­län il­kin­ji klub bo­lar.