Fut­zal (ki­çi fut­bol) bo­ýun­ça klub­la­ryň ara­syn­da­ky UEFA-nyň ku­bo­gy ýa­ry­şyn­da (UEFA Fut­sal Cup) Rus­si­ýa­nyň “Gazp­rom-Ýug­ra” to­pa­ry ýe­ňi­ji bol­dy. Ýu­gorsk şä­he­ri­niň (Han­ty-Man­ty) we­ki­li Ru­my­ni­ýa­da oý­na­lan fi­nal du­şu­şy­gyn­da ýa­ryş­da iň köp ýe­ňi­ji bo­lan Is­pa­ni­ýa­nyň “In­ter Mo­wis­tar” klu­bun­dan 4–3 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. Ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň adyn­dan Afa­nas­ýew (6, 38), Mar­se­nio (18) hem-de Ka­ta­ta (40) ta­pa­wut­lan­dy. Is­pan klu­bunyň gol­la­ryny-da Kar­di­nal (6), Po­la (14) hem-de Şi­rai­şi (40) der­we­zä gi­riz­di. Bu ýe­ňiş “Ýug­ra­nyň” il­kin­ji, rus klub­la­ry­nyň 3-nji çem­pi­on­ly­gy­dyr. Bu to­par­dan öň “Di­na­mo Mosk­wa” (2007) we “Wiz-Si­na­ra Ýe­ka­te­ren­burg” (2008) klub­la­ry UEFA-nyň fut­zal ku­bo­gy­ny eýe­läp­di. Ola­ryň il­kin­ji­si­niň 5 ge­ze­gem fi­nal­da utu­lan­dy­gy­ny bel­läp ge­çe­liň.
15-nji sa­par ge­çi­ri­len ýa­ryş­da hä­zi­re çen­li is­pan to­par­la­ry 7 ge­zek çem­pi­on bol­dy. “In­ter Mo­wis­tar” 3 (2004, 2006, 2009) ge­zek ýe­ňiş ga­za­nyp, 3 sa­pa­ram fi­nal­da utul­dy. Is­pa­ni­ýa­nyň “Bar­se­lo­na­dyr” (2012, 2014) “Pla­ýas de Kas­teý­ýon” (2002, 2003) to­par­la­ry hem-de Ga­za­gys­ta­nyň “Kaý­ra­ty” (2013, 2015) 2 ge­zek al­tyn me­da­la eýe­lik et­di. Şol san­da ýo­kar­da ady ag­za­lan rus, is­pan we ga­zak to­par­la­ryn­dan baş­ga-da bu ýaryşda Bel­gi­ýa­nyň “Ekşn 21 Şar­le­roi” (2005), Por­tu­ga­li­ýa­nyň “Ben­fi­ka” (2010) we Ita­li­ýa­nyň “Mon­te­sil­wa­no” (2011) klub­la­ry 1 ge­zek ýe­ňiş ga­zan­dy.
Ga­ly­ber­se-de, ýa­rym fi­nal­da “Ýug­ra­dan” utu­lan Por­tu­ga­li­ýa­nyň “Ben­fi­ka­sy” 3-nji ýer ug­run­da­ky oýun­da Ita­li­ýa­nyň “ASD Pes­ka­ra” klu­bun­dan üs­tün çyk­ma­gy ba­şar­dy. Esa­sy wag­ty 2–2 ha­sa­byn­da deň­lik­de gu­ta­ran du­şu­şyk­da pe­nal­ti­le­ri has dürs ýe­ri­ne ýe­ti­ren “Ben­fi­ka” bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy (2–0). Ýa­ryş­da ge­çen ýy­lam 3-nji or­ny baş­ga bir por­tu­gal to­pa­ry “Spor­ting” eýe­läp­di.