2018-nji ýy­lyň 11-nji ýan­wa­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ma­laý­zi­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri je­nap Da­to Sri Ani­fah Ama­ny ka­bul et­di.
Myh­man türk­men top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, Ma­laý­zi­ýa­nyň ýol­baş­çy­lar dü­zü­min­den döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za we tu­tuş ýur­du­my­zyň hal­ky­na aý­dan bag­ty­ýar­lyk hem-de ro­waç­lyk ba­ra­da­ky ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ma­laý­zi­ýa­da mö­hüm hem-de gel­je­gi uly hyz­mat­daş hök­mün­de yk­rar edi­len Türk­me­nis­tan bi­len gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly üns be­ril­ýär. Şun­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň uly yna­ma we ýo­ka­ry dü­şü­niş­mek de­re­je­si­ne eýe­di­gi nyg­tal­dy.
Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, myh­man Aş­ga­ba­dyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ne haý­ran gal­ýan­dy­gy­ny, onuň ýyl-ýyl­dan bar­ha gö­zel­leş­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Paý­tag­tyň bi­na­gär­lik keş­bin­dä­ki oňyn öz­gert­me­ler döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zyň gül­läp ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len dö­re­di­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty­nyň oňyn ne­ti­je­si­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, dost­luk­ly ýur­duň ýol­baş­çy­la­ry­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny aýt­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Azi­ýa-Ýu­waş um­many se­bi­ti­niň ýurt­la­ry, şol san­da dün­ýä­niň saz­la­şyk­ly ös­ýän döw­let­le­ri­niň bi­ri bo­lan Ma­laý­zi­ýa bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ber­kit­me­giň Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni aýt­dy.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we Ma­laý­zi­ýa­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň ýol­baş­çy­sy soň­ky ýyl­lar­da ta­rap­la­ryň ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, tä­ze de­re­jä çy­kan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň mö­hüm ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we myh­man dür­li ugur­lar­da­ky ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek üçin ägirt uly kuw­wat­lyk­la­ryň we giň müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, iki ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýet­le­ri üçin wa­jyp ha­sap­la­nyl­ýan ne­bit­gaz pu­da­gy bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­lar ba­ra­da­ky me­se­le­le­riň üs­tün­de du­rup geç­di­ler.
DIM-iň ýol­baş­çy­sy iş­jeň sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da aýt­mak bi­len, mil­li Li­de­ri­miz iki ýur­duň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky dost­luk gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi­ni üp­jün ed­ýän me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi ba­ra­da aýt­dy­lar.
Şu­nuň bi­len bir­lik­de, ab­raý­ly se­bi­ta­ra we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň çäk­le­rin­de ýo­la go­ýul­ýan türk­men-ma­laý gat­na­şyk­la­ry­na iş­jeň hä­si­ýe­tiň mah­sus­dy­gy bel­le­nil­di. Iki ýurt hem äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri, il­kin­ji no­bat­da bol­sa, tu­tuş dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ryň hem-de çe­me­leş­me­le­riň umu­my­dy­gy­ny be­ýan ed­ýär.
Du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we Ma­laý­zi­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri bi­rek-bi­re­ge iň go­wy ar­zuw­la­ry aý­dyp, mil­li bäh­bit­le­ri hem-de dost­luk­ly ýurt­la­ryň ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, uzak­ möh­let­le­ýin esas­da ýo­la go­ýul­ýan öza­ra peý­da­ly hyz­mat­daş­ly­gyň yzy­gi­der­li ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di­ler.
Du­şu­şy­ga Ma­laý­zi­ýa­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Ro­se­li bin Ab­dul gat­naş­dy.
* * *
Şol gün Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň we Ma­laý­zi­ýa­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da sy­ýa­sy ge­ňeş­me­ler ge­çi­ril­di. Ma­laý­zi­ýa­nyň we­ki­li­ýe­ti­ne da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Da­to Sri Ani­fah Aman ýol­baş­çy­lyk et­di.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­la­ryn­da, şeý­le hem ener­ge­ti­ka, ulag, bi­lim we sy­ýa­hat­çy­lyk pu­dak­la­ryn­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän äh­li ugur­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň oňyn ösü­şi­ni bel­läp, ta­rap­lar Türk­me­nis­tan bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry gel­jek­de ugur­la­ryň giň çyg­ry bo­ýun­ça ös­dür­mek­de bir­nä­çe tek­lip­le­re ga­ra­dy­lar.
Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň we Ma­laý­zi­ýa­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de we gi­ňelt­mek­de iki ýur­duň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky ge­ňeş­me­le­riň yzy­gi­der­li esas­da ge­çi­ril­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di­ler.
Türk­me­nis­ta­na sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Ma­laý­zi­ýa­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Da­to Sri Ani­fah Aman Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da ta­lyp­la­ryň öňün­de çy­kyş et­di.