Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli ulag syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda ýol-ulag düzümi sazlaşykly ösdürilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda garaýollaryň müňlerçe kilometri çekildi, demir ýol ulgamynda birnäçe halkara derejesinde taslamalar durmuşa geçirildi. Şeýle taslamalaryň hatarynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran polat ýoluny görkezmek bolar.
Şu ugur boýunça Beýik Ýüpek ýoluny polat görnüşinde dikeltmek hem-de bu ugurda ilkibaşda ýük gatnawyny, soňlugy bilen ýolagçy gatnawyny amala aşyrmak babatda giň gerimli taslama durmuşa geçirilýär.
Ol Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran ugry boýunça amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň ahyrky günlerinde, ýagny 28-29-njy hem-de 30-njy dekabrda Hytaýyň birnäçe iri senagat sebitlerinden halkyň sarp edýän harytlary ýüklenen konteýner wagonlaryndan ybarat bolan demir ýol düzümi synag gatnawyny amala aşyrmak üçin ýola rowana bolupdy.
Golaýda şol ýük düzüminiň geçen ýylyň 28-nji dekabrynda ýola çykan Çanşa-Altynköl-Bolaşak-Serhetýaka-Akýaýla-Inçeburun-Tähran ugry boýunça ýöreýän ýük düzümi biziň ýurdumyzda dabaraly ýagdaýda garşylandy. Söwda kerweni, ýagny konteýner demir ýol düzümi Türkmenistanyň çäginden geçip, soňky duralgasy bolan Tährana tarap gatnawyny dowam etdirdi.
Synag gatnawynyň oňat netijeler görkezendigi, onuň çaklanan möhletden gysga wagtda bellenen aralyklara gelmegi guwandyryjy waka boldy. Çanşa-Tähran ugrunyň uzynlygy 10297 kilometrden gowrak bolup, ýoluň üstaşyr geçirijilik wagty – 14 gün, ol deňiz ýolundakydan ep-esli az (25 günden 30 güne çenli).
Şeýlelikde, Hytaý-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran täze ulag geçelgesi yzygiderli gatnaw ugruna öwrülip, soňlugy bilen beýleki ýurtlaryň hem goşulmagy bilen gerimini has-da giňelder. Bu ugra geljekde Owganystany hem-de Türkiýe Respublikasyny hem goşmak babatda gepleşikler geçirilýär.
Umuman alanyňda, demir ýol düzümi arkaly ýük gatnatmaklyk köp babatda hem ygtybarly hem-de tygşytlydyr. Bir tarapdan, ýol harajatlaryny, beýleki tarapdan bolsa, wagty tygşytlamak bolar. Demir ýol arkaly nebit we nebit önümleri, gurluşyk harytlary, dürli mineral dökünler has köp gatnadylar.
Türkmenistan üçin bu halkara logistika taslama gatnaşmak üstaşyr mümkinçilikleriniň artmagyny aňladýar, çünki bu gün Beýik Ýüpek ýoly hormatly Prezidentimiziň ulag syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, döwrebap transmilli gara, demir we howa ýollary görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýen şygar astynda geçjek 2018-nji ýylyň birinji aýynyň hut ilkinji günlerinde bolsa, ýurdumyzyň çäginde gaýtadan dikeldilen gadymy ugruň polat ýollary boýunça üstaşyr ýükleriň “demir ýol kerweniniň” geçmeginiň çuňňur manysy bar.