Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurdumyzda bütin dünýä ulgamyndan peýdalanyjylaryň sany yzygiderli artýar. 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 31-nji dekabryna çenli bütindünýä tora birikdirilen adamlaryň sany 1,2 esse, ulgamlaýyn hyzmatlary etmekden alnan girdejiler bolsa, 2 million manada çenli artdy. Muny milli internet prowaýderleriň sowatly marketing strategiýasynyň hem-de ilat üçin bahalaryň ortaça 35 göterime çenli peseldilmeginiň hasabyna gazanmak başartdy.
Sarp edijilere telekommunikasiýa hyzmatlaryny bökdençsiz hem-de ýokary derejede hödürlemek, maglumatlary bermegiň tizligini ýokarlandyrmak üçin ministrlikler, häkimlikler we pudak edaralary tarapyndan optiki süýümli kabelleri Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň beýleki ilatly ýerlerinde ýerleşýän binalara, köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna çekmek göz öňünde tutuldy.
Häzirki wagtda Aşgabat şäheri boýunça maglumatlary bermegiň tizligi ortaça, sekuntda 20 gigabite barabardyr, ýöne ýakyn geljekde maglumatlary alyşmagyň tizliginiň bäş esse ýokary – 100 gbit/s derejedäki ulag geçelgesini döretmek meýilleşdirildi; welaýat merkezlerinde maglumatlary bermegiň tizligi 40 gbit/s golaý bolar, etrap merkezleriniň we daýhan birleşikleriniň arasynda bu görkeziji 4 gbit/s çenli bolar.
Ilatyň artýan isleglerini nazara almak bilen, “Altyn asyr” milli operatory raýatlarymyzy öýjükli aragatnaşygyň esasy görnüşleri, şol sanda 3G, 4G, ýakyn geljekde bolsa, 5G bilen doly we hemmetaraplaýyn üpjün etmek derejesine çykar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, ýurdumyz boýunça bu hyzmatlaryň üpjünçiligi 100 göterime barabar bolar.
Şeýle hem Türkmenistanda internetbanking we mobilbanking hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Olar nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berip, haryt-pul gatnaşyklaryny ýönekeýleşdirýär hem-de ýurdumyzyň çäginde we onuň çäklerinden daşarda olaryň howpsuzlygyny artdyrýar.