Tehnologiýa ösýär, şol birwagtda durmuşymyz hem özgerýär. ABŞ-da her ýyl geçirilýän we däbe öwrülen tehnologiýa enjamlarynyň bütindünýä sergisi durmuşymyzyň barha aňsatlaşýandygyny görkezýär. Şu ýylyň 9-12-nji ýanwary aralygynda Las Wegas şäherinde geçirilen 51-nji “CES 2018” atly bütindünýä tehnologiýa sergisinde köpçülige görkezilen täze tehnologiýa enjamlarynyň arasynda käbirleri hemmeleri haýran galdyrdy. Olaryň arasynda eýesini yzarlaýan çemedan hem bar.
Dünýäniň 150-den gowrak ýurdundan 4 müňe golaý kompaniýanyň gatnaşan bütindünýä sergisinde elektrik togy bilen işleýän awtoulaglar, wodorod bilen işleýän ulaglar, “akylly” tehnologik enjamlar, “super” telewizorlar, telefonlar, uçýan taksiler we beýlekiler tanyşdyryldy.
Sarp edilýän elektronika enjamlarynyň halkara sergisinde Hytaýyň “ForwardX” kompaniýasynyň işläp düzen “akylly” çemedany adamlary uly zähmetden halas edýär. Mundan beýläk daşary ýurtlara gezelenç edeniňizde ýa-da bir ýerden başga ýere gideniňizde ýük götermek size kynçylyk döretmez. Sebäbi hytaýly hünärmenleriň öndüren çemedanynyň özi hereket edýär. Siziň ony götermek mejburlygyňyz ýok, ol ýerleşdirilen elektrikli hereketlendirijisi arkaly siziň yzyňyzdan geler. “CX-1” diýlip atlandyrylan çemedan kamera hem-de sensor ýerleşdirildi. Adamlaryň köp ýerinde bolsaňyz hem çemedan sizi tapýar. Ilki bilen, siz çemedana ýüzüňizi tanatmaly. Soňra ol sizi tanap, yzyňyzdan aýrylmaýar. Ýüküňiz ýiten ýa-da ogurlanan halatynda siziň bilegiňizdäki enjama signal gelýär. Çemedanyň batareýasynyň dowamlylygy 4 sagatdan ybarat. Şeýle hem çemedana ýerleşdirilen enjamlar arkaly siz zerurlyk bolan halatynda, telefonyňyzy hem zarýada goýup bilersiňiz.
Durmuşymyzy ýeňilleşdirýän şeýle çemedan bilen bir hatarda, halkara sergisinde başga-da birnäçe gyzykly enjamlar tanyşdyryldy. Olaryň hatarynda “Bell” kompaniýasynyň uçýan “Helicopter Textron” taksisi, “Sony” şereketiniň eýelerini tanaýan “Aibo” atly robot iti, “FF91 Faraday Future” atly elektrik togy bilen işleýän ulag, öýüňizi arassalaýan we siz ýok wagtyňyz öýüňize göz-gulak bolýan “Aeolus” roboty, “Samsung” kompaniýasynyň 145 inç ululygyndaky telewizory, HTC firmasynyň hyýaly oýun äýnegi, “Toyota” şereketiniň daşky keşbi boýunça üns çekýän “e-Palette” ýük ulagy, “Hisense” firmasynyň bahasy 10 müň dollara barabar bolan lazer telewizory, “Sony” kompaniýasynyň “Sony Xperia X2 Ultra” täze telefony, “Hyundai”-iň wodorod bilen işleýän ulagy, “Acer” firmasynyň 9 millimetr galyňlygyndaky ýuka noutbugy, ses arkaly açylyp-ýapylýan suw krany ýaly tehnologik enjamlar bar.
Bütindünýä “CES” sergisiniň ýarym asyrlyk taryhy bar. 1967-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen bu forumda 700 müň haryt tanyşdyrylypdy. 1970-nji ýylda bu sergide wideokasseta, 1996-njy ýylda DVD ýaly elektronika enjamlary ilkinji gezek görkezildi. Soňlugy bilen noutbuklar, telefonlar, 3D printerler hem-de “akylly” elektronika enjamlary bu sergide görkezilýän hem-de tanyşdyrylýan esasy harytlar boldy.