ABŞ-nyň Jons Hopkins uniwersitetiniň barlag geçirijileri öýkeniň işini dikeltmek üçin öz iýmitiňde alma we pomidor iýmegi maslahat berýärler. Bu esasan hem, çilimiň zyýanly täsirinden ejir çekenler üçin juda peýdaly. Barlaga 600-den gowrak adam gatnaşdyryldy. Barlaga gatnaşyjylar Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň we Norwegiýanyň ýaşaýjylarydyr. Olaryň ählisi sowalnamany dolduryp, barlag geçirijilere özleriniň gündelik iýmiti barada hem-de dem alşy bilen baglanyşykly ýagdaýlary jikme-jik gürrüň beripdirler.
Meýletinçiler 10 ýyl geçensoň, ýaňadan lukmançylyk barlagyndan geçdiler. Şonda günde 2 pomidor we 3 alma iýenleriň iýmediklere garanyňda, ep-esli sagdynlygy aýdyňlaşypdyr. Çilimiň zyýanyndan ejir çekenler 10 ýyl alma we pomidor iýenlerinden soň, öýkenleriniň saglygy dikelipdir.
Alymlar 40 ýaşdan soň, her bir adamyň saglygynyň aýratynlyklaryna garamazdan, ynsan bedenininiň dem alyş agzasynyň işiniň ep-esli derejede gowşaýandygyny tassyklaýarlar. Ter önümler we miweler öýkeniň işiniň dikelmegine oňaýly täsirini ýetirýär.