Bü­tin­dün­ýä ban­ky dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de ösüş dep­gi­ni ba­ra­da taý­ýar­lan ha­sa­ba­ty­ny köp­çü­li­ge hö­dür­le­di. Ma­li­ýe eda­ra­sy­nyň şu ýy­lyň ýan­war aýyn­da taý­ýar­lan “Glo­bal Econo­mic Pros­pects” (Äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­ler) at­ly ha­sa­ba­ty­na gö­rä, 2018-nji ýylda tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça yk­dy­sa­dy ösüş dep­gi­ni­niň ozal­ky çak­la­ma ga­ra­nyň­da, 0,2 gö­te­rim ar­typ, 2,9 gö­te­rim­den 3,1 gö­te­ri­me ba­ra­bar bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. 2019-njy ýyl­da bol­sa, bu gör­ke­zi­ji 2,9 gö­te­rim­den 3 gö­te­ri­me çen­li art­dy­ry­lar. Tu­tuş dün­ýä bo­ýun­ça je­mi içer­ki önü­mi­niň ösü­şi­ne ma­ýa go­ýum de­re­je­si­niň, se­na­gat önüm­çi­li­gi­niň hem-de söw­da­nyň ýo­kar­lan­ma­gy go­şant go­şar.
Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň ha­sa­ba­ty­na gö­rä, 2017-nji ýyl­da dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi 3 gö­te­ri­me deň bol­dy. 2016-njy ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 2,4 gö­te­ri­me de­ňe­çer­di. De­giş­li ha­sa­bat döw­rün­de dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ýa­ry­sy­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de dur­nuk­ly ösüş ama­la aşy­ryl­dy. Ýa­kyn gel­jek­de bu ösüş eks­port­da hem-de im­port­da-da me­se-mä­lim gör­ler.
Hal­ka­ra ma­li­ýe eda­ra­sy öňü­miz­dä­ki 2 ýy­lyň do­wa­myn­da ösen ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de-de ösüş­le­riň bol­jak­dy­gy­ny çak­la­dy. 2018-nji ýyl­da bu ýurt­la­ryň je­mi içer­ki önü­mi­niň ösü­şi ge­çen ýy­lyň iýun aýyn­da­ky 1,8 gö­te­rim hökmünde çaklanypdy. Täze hasabata görä, bu görkezijiniň 2,2 gö­te­ri­me deň bol­jak­dy­gy aý­dyl­dy. 2018-nji ýyl­da ABŞ-nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň 2,5 gö­te­rim, Ýew­ro­pa zo­la­gy­nyň ösüş dep­gi­ni­niň 1,5 gö­te­rimiň de­re­gi­ne 2,1 gö­te­rim ös­jek­di­gi mä­lim edil­di.
Ösüp gel­ýän ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri hem ýo­kar­lan­ýar. 2017-nji ýyl­da bu ýurt­la­ryň ösüş dep­gi­ni 4,3 gö­te­rim bo­lan bol­sa, 2018-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 4,5 gö­te­ri­me, on­dan soň­ky ýyl­lar­da 4,7 gö­te­ri­me çen­li ar­tar. Ösüp gel­ýän ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy ösü­şi çig ma­lyň ba­ha­sy­nyň tä­ze­den ýo­kar­lan­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.