ABŞ-nyň dün­ýä bel­li awia­gur­lu­şyk kom­pa­ni­ýa­sy “Boeing” 2017-nji ýyl­da uçar ýer­le­mek ba­bat­da 2 gö­te­rim ösüş ga­zan­dy. De­giş­li dö­wür­de 763 uçar müş­de­ri­le­re ibe­ril­di. Bu ba­ra­da kom­pa­ni­ýa­nyň met­bu­gat be­ýa­na­tyn­da bel­le­nip ge­çil­ýär.
Be­ýa­na­ta gö­rä, kom­pa­ni­ýa ha­sa­bat döw­rün­de 529 sa­ny “Boeing-737” hem-de 136 sa­ny “Boeing-787” uçar­la­ry­ny eýe­le­ri­ne gow­şur­dy. Şeý­le­lik­de, “Boeing” bas­syr 6 ýyl­dan bä­ri awia­gur­lu­şyk pu­da­gyn­da öň­de­li­gi eýe­läp gel­ýär. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa 71 müş­de­ri­sin­den 134,8 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de 912 uçar sar­gy­dyny al­dy. 2016-njy ýyl­da kom­pa­ni­ýa 748 uça­ry müş­de­ri­si­ne gow­şu­ryp, 668 uçar sar­gyt alyp­dy.
“Boeing” ra­ýat awia­si­ýa uçar­la­ry­ny ön­dür­mek­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bi­ri­dir. Onuň dü­zü­min­de 2 sa­ny iri bö­lüm bo­lup, “Boeing Com­mercial Airp­la­nes” şe­re­ke­ti ra­ýat uçar­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi bi­len meş­gul­lan­ýar. “In­teg­ra­ted De­fen­se Sys­tems” şe­re­ke­ti bol­sa, har­by we kos­mos mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň dü­zü­min­de 140 müň iş­gär bar.