Ýazyjy Boris Akunin (Grigoriý Çhartişwili) “Erast Fandoriniň başdan geçirenleri” eserler toplumynyň soňkusyny tamamlandygyny mälim etdi. “8-nji fewralda satuwa çykaryljak täze kitap “Azazel” atly kitap tapgyrynyň birinjisiniň çykan gününiň 20 ýyllygyna gabatlanar. Häzir ýazyjy kitabyň esasy işlerini tamamlady. Ýazyjy geçen ýyl Erast Fandorin baradaky eserler toplumynyň ekranlaşdyrmak işleri bilen britan teleýaýlymynyň meşgullanjakdygyny habar beripdi. Akunin “Suw planetasy” atly üç po- westden ybarat bolan ýygyndysyny neşir etdirenden soňra, Fandorin barada soňky romanyny ýazjakdygyny söz beripdi. 1998-nji ýylda neşir edilen “Azazel” romanyndan soňra, ýazyjy Fandorin barada birnäçe kitap neşir etdirdi: “Türk gambiti”, “Lewiafan”, “Ahillesiň ölümi”, “Aýratyn tabşyryk”, “Raýat maslahatçysy”, “Täç geýdiriş ýa-da romanlaryň iň soňkusy”, “Ölümiň magşugy”, “Almazdan ýasalan söweş arabasy”, “In we Ýan”, “Nefritden edilen çotga”, “Bütin dünýä teatr”, “Gara şäher” we “Suw planetasy”.
Boris Akunin ýazyjy-belletrist, gündogarşynas, terjimeçi bolup, eserleri köp çap edilýän görnükli rus ýazyjylarynyň biridir.