Halkara sport barlaglary merkezi (CIES) guramasynyň habar bermegine görä, edil häzirki günde (2018-nji ýylyň ýanwar aýy) futbol transfer bazarynyň iň gymmat bahaly oýunçysy braziliýaly Neýmardyr. Ýewropanyň TOP–5 ligasy esasynda taýýarlanylan hasabatda Neýmaryň transfer bahasy edil häzirki günde 213 million ýewro deňdir. Mälim bolşy ýaly, Neýmar geçen tomusda 222 million ýewro baha “Barçadan” PSŽ toparyna geçipdi. 2-nji hatarda 202,2 million ýewro bilen Lionel Messi, 3-nji orunda-da 194,7 million ýewro bilen Harri Keýn barýar. Geçen ýylda ýekelikdäki ähli baýragy gazanan Kristiano Ronaldo 80,4 million ýewro bilen 49-njy orna düşdi. Ol geçen tomusky hasabatda 112,4 million ýewro bilen 11-nji hatarda barýardy.
Häzirki wagtda transfer bazaryndaky
iň gymmat 10 futbolçy:
1. Neýmar (PSŽ) – 213 million ýewro
2. Lionel Messi (“Barselona”) – 202,2 million ýewro
3. Harri Keýn (“Tottenhem”) – 194,7 million ýewro
4. Kilian Mbappe (PSŽ) – 192,5 million ýewro
5. Paulo Dibala (“Ýuwentus”) – 174,6 million ýewro
6. Dele Alli (“Tottenhem”) – 171,3 million ýewro
7. Kewin De Bruýne (“Man. Siti”) – 167,8 million ýewro
8. Romelu Lukaku (“Man. Ýunaýted”) – 164,8 million ýewro
9. Antuan Grizmann (“Atletiko”) – 150,2 million ýewro
10. Pol Pogba (“Man. Ýunaýted”) – 147,5 million ýewro