Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysynda ýatdan çykmajak wakalar bilen hemişelik orun alar. Üstümizdäki ýyl Beýik Ýüpek ýolunyň esasy çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan döwletimiziň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny, medeniýetini hem-de medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek babatda aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Ýurdumyzyň baý taryhyny we medeniýetini wagyz etmekde şu ýylyň dowamynda geçiriljek iri we halkara derejesindäki sport ýaryşlary hem öz saldamly goşandyny goşar. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça – Amuldan Hazara çenli halkara awtorallisini guramak pikirini öňe sürdi.
Şu ýylyň 12-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz munuň bilen baglanyşykly örän möhüm Karara gol çekdi. Şol resminama laýyklykda, , “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlaryny geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Bu halkara ýaryşlar Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy we döwrebap ähmiýetini, ýurdumyzyň arheologik hem-de medeni-taryhy ýadygärliklerini, medeni mirasymyzyň we maddy gymmatlyklarymyzyň taryhy ähmiýetini hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermäge uly mümkinçilik açar.
Daşary ýurtlardan rallä gatnaşjaklar diňe bir türkmen halkynyň mirasy bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem, düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüş hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan ösüşi bilen bu meşhur ýerlere gelýän täze durmuşy hem görüp bilerler. Ýurdumyz häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm ulag ulgamy hökmündäki ornuny berkidýär.
Eger birmahallar bu ýerden gülläp ösýän şäherleriň arasynda ýerleşen çägelikleriň üstünden kerwen ýollary geçen bolsa, häzirki wagtda bu ýerde ajaýyp awtoulag ýollary hem-de döwrebap demir ýollar çekildi. Bularyň ählisi ajaýyp tebigy landşaftlar bilen birlikde syýahatçylara Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişi we häzirki güni bilen ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik berer.
Türkmenistan döwletimiz iri we halkara derejesindäki sport ýaryşlaryny ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirmek babatda özüniň mümkinçiliklerini tutuş dünýä görkezdi. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabr aýy tutuş Aziýa galyberse-de tutuş dünýä sport jemgyýetçiliginiň üns merkezine öwrülen ýurt bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistan boldy. Milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary türkmen sportuny dünýä ýaň salan esasy wakalaryň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy.
Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň türkmen jemgyýetçiliginde berk ornaşmagy ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň gysga wagtyň içinde döwrebap derejede ösmegine ýardam etdi. Ine şeýle sport görnüşleriniň hatarynda awtosporty hem-de welosiped sportuny görkezmek bolar.
AWTOSPORT
ULGAMYNDAKY ÖSÜŞLER
Mälim bolşy ýaly, döwletimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty has-da ösdürmäge uly maýa goýumlaryny gönükdirýär. “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” hem-de “2011–2020-nji ýyllarda Türkmenistanda sporty we bedenterbiýäni goldamak hem-de ösdürmek boýunça Milli maksatnamada” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň hemme sebitlerinde halkara ölçeglerine kybap gelýän stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary eýýäm gurlup, ulanylmaga tabşyryldy we gurulmagy dowam edýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistanda köpýyllyk däplere eýe bolan sportuň görnüşleri bilen birlikde, onuň beýleki görnüşleri, şol sanda awto we motosport hem okgunly ösýär.
Munuň üçin ähli zerur şertler döredilýär. Degişli maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagy, ýokary tizlikli sport maşynlarynyň parkynyň üstüniň döwrebap ulaglar bilen ýetirilmegi ýaşlary sportuň bu gyzykly we özüne çekiji görnüşleri bilen işjeň çekmäge, türgenleriň hem-de olaryň tälimçileriniň ussatlygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Bu sportuň muşdagy hem-de bu ugurda ýokary ussatlyk görkezýän milli Liderimiz ýetginjeklik ýyllaryndan bäri awtomobil sporty bilen meşgullanyp, awtomobil ýaryşlaryna gatnaşyp, ençeme gezek ajaýyp netijeleri bilen ynamly ýeňiş gazandy. Milli Liderimiziň ajaýyp ýeňişleri we ussatlygy türkmen türgenleri üçin nusgalyk görelde bolup durýar.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda Awtomobil sporty merkezi 2013-nji ýylda açyldy. Sportuň bu görnüşini netijeli ösdürmek üçin köp işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky türkmen türgenleri yzygiderli halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, kämillik derejesine ýetýärler.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen 2009-njy ýylda “Ýüpek ýoly-2009” halkara rallisi geçirildi. Ol türkmen türgenleri üçin özboluşly tejribe meýdançasy boldy. Ýaryşyň ugurlarynyň umumy uzynlygy, üç ýurduň – Russiýanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçip, 4,5 müň kilometre deň boldy, bu uzynlygyň ýarysyna golaýy – 2100 kilometri Balkan welaýatynyň sähralyklaryny hem-de Garagum çölüniň çäge aňňytlyklaryny öz içine alyp, Türkmenistanyň çäginden geçdi. Ýeri gelende aýtsak, şol ýaryşlarda türkmen topary “KAMAZ”-da çykyş edip, oňat netije görkezipdi.
Üstümizdäki ýylda geçiriljek halkara ralli ýaryşynda-da türkmen türgenleriniň oňat netijeler görkezmegine bil baglaýarys. Bu halkara derejesindäki ýaryşlar diňe bir sporty hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, şol birwagtda syýahatçylyk, söwda we medeni gatnaşyklar babatda-da aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň tebigy-dikeldiş we taryhy-medeni desgalaryň giň toplumy syýahatçylygy söýýänler üçin açykdyr: bular “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyny, meşhur şypahanalary, Nusaýyň, Dehistanyň, Köneürgenjiň, Köýtendagyň, Gadymy Merwiň meşhur ýadygärliklerini, şeýle hem jahankeşdeler üçin gyzyklanma döredýän beýleki künjekleri öz içine alýar. Bu halkara ýaryşlaryna gatnaşýanlara hem-de onuň janköýerlerine ýurdumyzyň taryhy ýerleri bilen tanyşmaklary üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Aşgabatda geçiriljek “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli, welosiped we ylgaw ýaryşlarynyň bütin dünýäde Türkmenistanyň abraýynyň barha artmagyna, ýurdumyzda köpçülikleýin sporty mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigi şübhesizdir. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň ruhuna laýyk gelýär. Bu ýyl bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly barýan eziz Watanymyzyň häzirki taryhyna täze aýdyň sahypalary açar.