Türkmenistan Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris” atly mowzuk bilen geçiriljek “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisine gatnaşmaga taýýarlyk görýär. 2020-nji ýylyň 20-nji oktýabryndan 2021-nji ýylyň 10-njy apreli aralygynda dünýä derejesindäki gözden geçirilişde milli sergimiz guralar. Ony taýýarlamak üçin “EKSPO-2020”-niň guramaçylyk komiteti bilen gatnaşyklar ýola goýuldy. Serginiň baş ýörelgesi adamzadyň jebisleşmeginiň saýasynda tehnologik taýdan ösüş gazanmakdyr.
Bu iri halkara wakasy şäher ykdysadyýetiniň, syýahatçylygynyň we myhmanhana senagatynyň çalt ösüşine alyp barar. Birleşen Arap Emirligi Ýakyn Gündogarda EXPO guramasyna hukuk alan ilkinji ýurtdyr. Çaklamalara görä, serginiň geçirilýän 6 aýynyň dowamynda 25 million töweregi myhman Dubaýa gelip görer. “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisi dürli ýurtlara maýa goýumlaryny çekmäge, täze biznes hyzmatdaşlary tapmaga we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.
Mundan ozal hem Milanda geçirilen “EKSPO-2015” halkara sergisine gatnaşan ýurdumyz tebigy baýlyklary oýlanyşykly peýdalanmak boýunça gazanan üstünliklerini köpçülige hödürledi.