18-nji ýan­war­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­tin­de we Ara­gat­na­şyk mi­nistr­li­gin­de “So­ny Cor­po­ra­ti­on” ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti bi­len du­şu­şyk bol­dy. We­ki­li­ýe­te iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry has-da ös­dür­mek mak­sa­dyn­da sa­par bi­len ýur­du­myz­da bol­ýan şol kom­pa­ni­ýa­nyň baş do­lan­dy­ry­jy­sy Ha­ji­me Na­ka­mu­ra ýol­baş­çy­lyk ed­ýär.
Ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň bar­şyn­da we­ki­li­ýe­tiň baş­tu­ta­ny Ha­ji­me Na­ka­mu­ra Türk­me­nis­tan­da ok­gun­ly ös­ýän yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­ny we kuw­wa­ty­nyň art­ýan­dy­gy­ny bel­läp, Ýa­po­ni­ýa­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­ny aýt­dy. Şun­da “So­ny” kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň gel­je­gi uly türk­men ba­za­ryn­da or­nu­ny has-da gi­ňelt­mä­ge aý­ra­tyn gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Bu ýer­de da­şa­ry ýurt­ly işe­wür hyz­mat­daş­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di.
Ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bi­len şert­len­di­ri­len hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­ny ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gyň çäk­le­rin­de, hä­zir­ki dö­wür­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň en­çe­me pu­dak­la­ryn­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar gör­nü­şin­dä­ki ma­ýa­la­ryň çe­kil­me­gi­ne uly ün­süň be­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Bu ba­bat­da dün­ýä­de esa­sy or­ny eýe­län Ýa­po­ni­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­si Türk­me­nis­tan­da giň­den ula­nyl­ýar. Dür­li ugur­lar­da ýa­pon hyz­mat­daş­la­ry bi­len bi­le­lik­de ama­la aşy­ryl­ýan iri tas­la­ma­lar mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da kor­po­ra­si­ýa­nyň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa iş­le­ri bi­len ta­nyş­dy­ryl­dy, ola­ry te­le­ra­dio ýaý­lym­la­ryn­da, iri sport ýa­ryş­la­ry­ny hem-de beý­le­ki äh­mi­ýet­li iri möç­ber­li çä­re­le­ri su­ra­ta dü­şür­mek­de we ýaý­lym­la­ra ber­mek­de, ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa hem-de san­ly ara­gat­na­şyk we howp­suz­lyk ul­gam­la­ryn­da peý­da­lan­mak ne­ti­je­li bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň hem-de te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar ul­ga­my­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­ga gat­naş­mak ba­ra­da­ky tek­lip­ler be­ýan edil­di.