Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirilen sagat sungaty boýunça halkara serginiň çäklerinde dünýäniň iň ýuka goşar sagady görkezildi. El bilen ýasalan, zawodda öndürilýän sagadyň galyňlygy 2 millimetre deňdir. “Altiplano Ultimate Concept” sagady “Piaget” şweýsar sagat zawodynyň täze işläp düzen özboluşly sagadydyr.
Mehaniki sagadyň içinde ýerleşdirilen enjamlaryň hem has ýuka bolmagy onuň özboluşlylygyny has-da artdyrdy. Onuň mehanizmindäki çarhjagazyň galyňlygy 0,12 mm. Adaty sagatlardaky çarhjagazyň galyňlygy bolsa 0,2 mm-e deňdir.
Şeýle has ýuka hem-de has takyk mehanizmli sagadyň önümçiligi üçin kompaniýanyň bezegçileri we hünärmenleri 4 ýyl zähmet çekdiler. Goşar sagadyň bu görnüşi sagat sungatynda ýetilen kämillik derejesini görkezdi. Mundan ozal, “Piaget” kompaniýasy 4,3 mm galyňlygynda “Altiplano Ultimate Automatic 910P” goşar sagadyny öndürip, dünýäniň iň ýuka sagadyny öndüren şereket hökmünde özüni tanatdy. Bu gezek ondan hem has ýukasyny öndürdi.