Çüwdürimler öz gözbaşynyň suwuny haýsydyr bir gaba ýygnap, pürkenden soň, ýene-de aýlanyp şol bir gaba dolanyp gelýär. Çüwdürim desgalarynda suwuň ýapyk aýlawy amala aşyrylýar. Şu günki günde heýkele çalymdaş, aşakdan ýagtylandyrýan reňkli, sazly, dürli görnüşli çüwdürimler hemmeleriň göwnüni göterýär. Howdan, betondan edilen pyýala ýa-da heýkelleriň golaýynda çeper bezelen islendik gap çüwdürim bolup bilýär. Çüwdürimler daşdan, plastikadan ýa-da haýsy-da bolsa, bir özboluşly materialdan ýasalan gurluşlarda gurnalyp biler.
Çüwdürimiň näçeräk ýokary zyňylýanlygy onuň suwuny kabul edýän gabyň ölçegine hem-de nasosyň kuwwatyna bagly bolýar. Suw çüwdüriminiň görnüşi bolsa, daşyna çykýan deşigine goýlan nasadkanyň görnüşine görä bolýar. Suw akymynyň aýlanýan ýapyk ulgamy, suwuň bugaryp durýanlygy üçin wagtal-wagtal doldurylyp durulýar. Seýilgählerde gurlan çüwdürimler ýakymly duýgulardan başga-da, daşky gurşawa uly peýda getirýär. Ol howany çyglandyrýar, salkynladýar, tomsuň yssysynda bolsa, zerur salkynlygy berýär. Çüwdürimleriň aýratyn duran heýkel, daşyň ýüzünden akyp duran çeşme ýa-da tebigatyň beýleki görnüşleri ýaly dürli görnüşleri bar. Köçelerdäki çüwdürimlerden başga-da, dürli görnüşlerdäki we ölçeglerdäki çüwdürimleri şäher binalarynyň içinde hem gurulýar. Şeýle çüwdürimler binanyň howasyny täzeleýär, suwuň şyggyldaýan çeşmesine seretmek bolsa, juda ýakymly duýgulara atarýar. Häzirki zaman tehnologiýasy çüwdürimleri islendik ýerde, islendik görnüşde we ululykda gurmaga mümkinçilik berýär.
Annagözel Orazmyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.