Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, 2018-nji ýyl hal­ky­my­za ro­waç­lyk, aba­dan­çy­lyk we uly zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ni eçi­ler. Yl­my mag­lu­mat­la­ra gö­rä dört müň ýyl­lyk ta­ry­hy bo­lan ala­baý­lar he­mi­şe adam­la­ryň hem­ra­sy, ola­ryň ýa­kyn ýar­dam­çy­la­ry bo­lup­dyr­lar. Ala­baý­la­ra ýag­şy gy­lyk­lar mah­sus­dyr. Olar kä­mil go­rag­çy­lar we sö­weş­jeň it­ler ha­sap­la­nyl­ýar. Bu it­ler öý oja­gy, eýe­si­niň em­lä­gi­ni, sü­rü­le­ri go­ra­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li ha­sap­la­nyl­ýar. Türk­men ala­baý­la­ry örän akyl­ly, çak­da­na­şa ba­tyr it­ler hök­mün­de yk­rar edil­di. Türk­men ala­baý­la­ry öz­le­ri­ni er­kin duý­ýar­lar. Şo­nuň üçi­nem ola­ry haý­sy­dyr bir en­di­gin­den el çek­dir­mek aň­sat däl­dir. Ala­baý­la­ryň ýa­şa­ýan maş­ga­la­sy­nyň ag­za­la­ry­na ga­raý­şy we­lin, ýa­kym­ly­dyr. Olar bu öýüň ça­ga­la­ry bi­len ha­sam mäh­ri­ban bol­ýar­lar. Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­de ço­pan it­le­ri­niň on­dan gow­rak gör­nü­şi­niň bar­dy­gy yk­rar edil­di. Ýö­ne ala­baý­lar go­ýun ço­pan­lar üçin ýö­ri­te ýa­ra­dy­lan ýa­ly­dyr.
Ine, şu yk­rar­na­ma­lar itiň ge­lip çy­ky­şy­ny, onuň hä­si­ýet­le­ri­ni öw­ren­ýän ýö­ri­te hü­när­men­le­riň ge­len ne­ti­je­si­dir. Bu bol­sa Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň ala­baý­la­ryň je­pa­keş­li­gi, iş­jeň­li­gi ýag­şy gör­ýän­di­gi ba­ra­da aý­dan­la­ry­nyň su­but­na­ma­sy­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz 2018-nji ýy­lyň it ýy­ly­dy­gy­ny bel­läp, “It gel­di-gut gel­di” di­ýen jüm­lä­ni my­sal hök­mün­de ge­tir­me­gin­de çuň­ňur ma­ny bar. Çün­ki “gut” sö­zi türk­men ilin­de “bagt”, “mü­bä­rek”- di­ýen ma­ny­la­ry aň­lad­ýar.
Diý­mek, her bir iş­de yh­las ed­ýän we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne yg­rar­ly bo­lan hal­ky­my­zyň şu ýyl­da uly zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ni, be­ýik sep­git­le­ri eýe­le­jek­di­gi­ne bo­lan ynam has-da pug­ta­lan­ýar. Mu­nuň özi saz­la­şyk­ly ösüş ýo­lu­na dü­şen ýur­du­my­zyň her bir gü­nü­niň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti bo­lan wa­ka­la­ra bes­len­jek­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýan anyk ýag­daý­dyr.

Se­ýit Se­ýi­dow,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky TDU-nyň uly mu­gal­ly­my.