Gü­nor­ta Ko­re­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Pak Kyn He Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­syn­da res­mi sa­par­da bol­dy. Iki ýur­duň ta­ry­hyn­da uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan bu sa­pa­ryň bar­şyn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­ny has-da pug­ta­lan­dyr­jak en­çe­me yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Pre­zi­dent Park Ge­un-hye öz ýur­du­na we­kil­çi­lik edip, Eý­ran­da sa­par­da bo­lan il­kin­ji döw­let baş­tu­ta­ny bol­dy.
Eý­ra­nyň Pre­zi­den­ti Ha­san Ru­ha­ni öz ko­re­ýa­ly kär­de­şi­ni Sa­da­bat köş­gün­de da­ba­ra­ly ýag­daý­da gar­şy al­dy. Soň­ra iki ýur­duň li­der­le­ri iki­çäk we gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de gep­le­şik­ler ge­çir­di. Gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da hal­ka­ra we se­bit me­se­le­le­ri bi­len bir ha­tar­da, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, bank ul­ga­my, gur­lu­şyk, sag­lyk, bi­lim, teh­no­lo­gi­ýa hem-de me­de­ni­ýet pu­dak­la­ryn­da­ky öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny has-da ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­r ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Täh­ran­da­ky gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da iki ýur­duň ara­syn­da 19 yla­la­şy­ga gol çe­kil­di. Ta­rap­lar ulag, ne­bit-gaz, ne­bit-hi­mi­ýa, suw se­riş­de­le­ri, elekt­rik ener­gi­ýa­sy, ylym-bi­lim, teh­no­lo­gi­ýa we me­de­ni­ýet ul­gam­la­ryn­da hyz­mat­daş­lyk et­me­gi göz öňün­de tut­ýar­lar.
Soň­ky ýyl­lar­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar iş­jeň­leş­di­ril­di. Ol hem döw­let­le­riň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­na öz oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Geljek ýyllarda haryt dolanyşygyny häzirki 6 milliard dollarlyk derejesinden 18 milliard dollara çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. 2015-nji ýylda haryt dolanyşygy 6,1 milliard dollara deň boldy. Bu görkezijide Eýranyň Günorta Koreýadan satyn alýan harytlaryň möçberi uly orun tutýar. Şeýle hem Günorta Koreýa Eýranyň nebitini satyn alýan esasy ýurtlaryň biridir.

Ne­bit eks­por­tu­ny art­dyr­dy
Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy ne­bit eks­por­tu­ny bir gi­je-gün­diz­de 2,3 mil­li­on bar­re­le ýe­tir­di. Bu ba­ra­da ýur­duň Pre­zi­den­ti Ha­san Ru­ha­ni ha­bar ber­di. Mun­dan ozal, Eý­ra­na bir gi­je-gün­diz­de 1 mil­li­on bar­re­le çen­li ne­bit eks­por­tu­ny ama­la aşyr­ma­ga rug­sat be­ril­ýär­di.
Ýur­duň Ne­bit mi­nistr­li­gi­niň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, şu ýy­lyň 20-nji mar­tyn­dan baş­lap, Eý­ran «ga­ra al­ty­nyň» eks­por­tu­ny 2 mil­li­on bar­re­le ýe­tir­di. Şu ma­li­ýe ýy­lyn­da ýurt­da ne­bit önüm­çi­li­gi­ni bir gi­je-gün­diz­de 2,25 mil­li­on bar­re­le ýe­tir­mek göz öňün­de tu­tu­lyp­dy. Hä­zir bu ýag­daý düýp­gö­ter öz­ge­rip, önüm­çi­lik möç­be­ri has-da art­dy­ryl­dy.