2017-nji ýyl­da Hin­dis­ta­na 10 mil­li­on­dan gow­rak sy­ýa­hat­çy gel­di. Bu gör­ke­zi­ji 2016-njy ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 1,2 mil­li­on adam köp. Da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny re­kord de­re­je­si­ne ýet­di. Pu­da­gyň gir­de­ji­si 27 mil­liard dol­la­ra de­ňe­çer bol­dy. Bu ba­ra­da “Ti­mes of In­dia” ga­ze­ti ha­bar ber­ýär.
Ne­şi­riň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, Hin­dis­ta­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nist­ri Al­fon­da Kan­nant­ha­na­ma sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ýurt­da iş orun­la­ry­nyň 12 gö­te­ri­mi­ni eýe­le­ýän­di­gi­ni we Hin­dis­ta­nyň örän tä­sin hem-de owa­dan ýurt­du­gy­ny, ma­ha­bat çä­re­le­ri ar­ka­ly has köp ja­han­keş­de çek­mek is­le­ýän­dik­le­ri­ni bel­le­di.
Sy­ýa­hat­çy­lyk mi­nistr­li­gi pu­da­gyň mad­dy üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­ny aç­ýar. Ge­çen ýyl bu ug­ra de­giş­li 11 sany ma­ha­bat tas­la­ma­sy dur­mu­şa ge­çi­ril­di.