Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gyn­da 35 ýyl­dan soň­ra köp­çü­lik­le­ýin ki­no gör­ke­zi­liş baş­lan­dy. Pa­ty­şa­ly­gyň ýa­şaý­jy­la­ry­na uly ek­ran­da uzyn met­raž­ly ani­ma­si­ýa fil­mi gör­ke­zil­di. Ýurt­da 1980-nji ýyl­la­ryň baş­la­ryn­da ki­no köp­çü­lik­le­ýin to­ma­şa et­mek ga­da­gan edi­lip­di. Şol ga­da­gan­lyk ýa­ty­ryl­dy we ýurt­da ki­no­teatr­la­ryň iş­le­me­gi­ne müm­kin­çi­lik döredil­di. Hä­zir­ki wagt­da he­re­ket ed­ýän ki­no­teatr ýoklugy se­bäp­li ki­no­film ýö­ri­te en­jam­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan meý­dan­ça­da gör­ke­zil­di. Mun­dan ozal, Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň ra­ýat­la­ry ki­no gör­mek üçin goň­şy ýurt­la­ra – Bah­reý­ne we Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne gid­ýär­di­ler.
Ýur­duň hö­kü­me­ti­niň ge­çen ýyl ka­bul eden öz­gert­me­le­ri ki­no se­na­ga­tyn­da we te­le­ýaý­lym­lar­da köp san­ly üýt­geş­me­le­riň bo­lup geç­me­gi­ne ge­tir­di. Ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly, il­kin­ji ki­no­teatr şu ýy­lyň mart aýyn­da açy­lar. 2030-njy ýy­la çen­li ola­ryň sa­ny 300-den hem gow­rak bo­lar. Ki­no­teatr­la­ryň açyl­ma­gy üçin rug­sat­na­ma ber­lip baş­lan­dy.
2030-njy ýy­la çen­li Sa­ud Ara­bys­ta­nyn­da yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma bo­ýun­ça güý­men­je pu­da­gyn­da uly ösüş­le­re ga­ra­şyl­ýar. Köp ýyl­lar­dan soň­ra il­kin­ji ge­zek bu ýurt­da meş­hur arap we beý­le­ki ýurt­la­ryň aý­dym­çy­la­ry­nyň kon­ser­ti bol­dy.