Golaýda Hytaýyň Lýanýungan şäherinde «Türkmenistan-Hytaý: Ýüpek ýoluny dikeltmegiň çarçuwasynda özara gatnaşyk we özara hereketler» atly ulag maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Lýanýungan şäheriniň hökümetiniň başlangyjy esasynda guraldy.
Maslahatyň esasy maksady Gazagystan-Türkmenistan-Eýran täze demirýol ugrunyň mümkinçiligini ulanmak arkaly, Türkmenistanyň we Hytaýyň arasyndaky ulag aragatnaşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin Demirgazyk-Günorta üstaşyr ugurlary boýunça ýük gatnawlaryny ösdümekden ybaratdyr. Bu ýerde çykyş edenler ýükleriň gatnawlaryny işjeňleşdirmekde we ykdysady integrasiýasyny giňeltmekde Türkmenistanyň we Hytaýyň deňiz portlarynyň ähmiýetini ýokarlandyrmak meselesine hem degip geçdiler.