Oftalmologlar çilim çekmegiň gözüň kütelmegine sebäp bolýandygyny mälim etdiler. Olar çilimiň bedeniň biologik we psihiki ýagdaýynyň erbetleşmegine, göz jöwheriniň ümezlemegine alyp barýandygyny we göz setçatkalyryna zeper ýetirýändigini tassyklaýarlar. Lukmanlaryň sözlerine görä, çilimkeşleriň bedeniniň biologik we psihiki ýagdaýynyň erbetleşmek howpy, çilim çekmeýänlere garanyňda, 3-4 esse ýokary eken. Şeýle hem kimde-kim çilimkeşler bilen ýaşaýan bolsa, bu keseliň ähtimallygy iki esse güýçlenýär diýip “The Times of India” ýerli hünärmenlere salgylanyp ýazýar.
Lukmanlaryň bellemegine görä, çilim bilen baglanyşykly gözleriň kütelmegi köplenç beýleki göz kesellerinden tapawutlylykda, bilniksiz bolup geçýär. Mundan ozal, Gollandiýanyň Neýmegen uniwersitetiniň barlag geçirijileri, adamyň görşi stres ýagdaýlarda hem pese düşýändigini ýüze çykarypdylar.