Dün­ýä bel­li hem-de iň gym­mat kom­pa­ni­ýa­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýan “Micro­soft” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Bill Geýts sy­gyr­la­ryň ge­ne­tik bar­lag­la­ry­ny ge­çir­mek üçin 40 mil­li­on dol­lar se­riş­de bö­lüp ber­di. Bu tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de has köp süýt ber­ýän sy­gyr­la­ry kö­pelt­me­giň üs­tün­de iş­le­ni­ler. Bill Geýts Af­ri­ka­nyň sy­gyr­la­ry­nyň DNK-sy esa­syn­da dür­li ýer­ler­de kö­pel­mä­ge müm­kin­çi­li­gi bo­lan sy­gyr­la­ryň ýe­tiş­di­ril­me­gi­ni is­le­ýär.
Bu yl­my-bar­lag­lar kom­pa­ni­ýa­nyň Edin­burg­da­ky şa­ham­ça­syn­da al­nyp bar­lar. Geýt­siň çak­la­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, tä­ze sy­gyr­lar Ýew­ro­pa­nyň iň go­wy sy­gyr­la­ryn­dan az süýt ber­me­li däl, ýö­ne şol bir­wagt­da ys­sa-da çy­dam­ly bol­ma­ly.
Ang­li­ýa­nyň “Hols­te­in-Frie­sians” sy­gyr­la­ry her gün or­ta­ça, 19 litr süýt ber­ýär. Af­ri­ka­nyň sy­gyr­la­ry 1,5 litr süýt ber­ýär, ýö­ne olar ga­ty ys­sy ho­wa­la­ra çy­dam­ly hem-de az ot iý­ýär­ler.