Dünýä belli “Pirelli” kompaniýasy özüniň täze, has ýokary netije görkezýän tigrini tanyşdyrdy. Mundan 30 ýyl ozal, ilkinji gezek hödürlenen “P Zero” tigrini çykaran kompaniýanyň täze önümi ygtybarly bolmagy bilen tapawutlanýar. Kompaniýa her ulagyň ululygyna görä, dürli ölçegdäki tigirleri öndürmegi bilen müşderileriniň sanyny hem artdyrýar. Täze tekeriň aşaky gatlagynda ulanylan materiallar ulagyň ýere mäkäm ýapyşmagyna we sürtülmäniň ýokarlanmagyna getirýär. Ol çygly ýollarda hem garaşylan netijäni görkezýär. Ýokary tizlikde hem ygtybarly bolmagy bilen tapawutlanýan tigiriň galmagaly hem azalýar. 1987-nji ýylda “Pirelli” 17 dýuýmlyk tigiri öndürmegi uly ösüş bolupdy. Soňky ýyllarda 22 dýuýma çenli dürli görnüşleri çykaryldy. Tigirleriň gyşky, tomusky, dört pasyl üçin we beýleki görnüşleri bar.