Ha­zir­ki wagt­da pen­ji­re­le­riň önüm­çi­li­ginde  adat­ça, al­ýu­min­den ýa-­da plast­mas­sa­dan peý­da­la­nyl­ýar. Şwed hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan pen­ji­re­le­ri bol­sa has üýt­ge­şik­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Öý­le­riň we iş ýer­le­ri­niň ýag­ty­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň ener­gi­ýa­ny tyg­şyt­la­ma­ga peý­da­sy­nyň ulu­dy­gy hem­mä mä­lim­dir. Se­bä­bi ota­gyň içi­ne ýag­ty­lyk nä­çe köp düş­se, ýy­lat­mak we ýag­ty­lyk üçin has az ener­gi­ýa sarp edil­ýär. Şwe­si­ýa­nyň Teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri aňyr­sy gör­nüp du­ran tag­ta pen­ji­re­le­ri ön­dür­me­gi ba­şar­dy­lar. Du­ry tag­ta­lar owa­dan­lyk taý­dan beý­le­ki­ler­den ta­pa­wut­lan­ýar. Ösüm­lik­le­riň dü­zü­min­de bar bo­lan lignin mad­da­sy oňa berk­lik we reňk ber­ýär. Hü­när­men­ler tag­ta­da­ky lignin at­ly bu mad­da­ny do­lu­ly­gy­na onuň dü­zü­min­den aý­ran­la­ryn­da, ol ak reň­ke öw­rül­di. Soň­ra bol­sa bu ak tag­ta­ny reňk­siz et­mek üçin onuň dü­zü­mi­ne baş­ga bir mad­da goş­du­lar. Onuň ýag­ty­lyk ge­çi­ri­ji­li­gi 85 gö­te­rim. Şeý­le tag­ta­la­ryň ba­ha­sy­nyň amat­ly bol­jak­dy­gy aý­dyl­ýar. Bu tag­ta­la­ryň Gün pa­nel­le­ri hök­mün­de hem ula­nyl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.