Düýn Günorta Koreýanyň Phýonçhan şäherinde XXIII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. 35 müň tomaşaça niýetlenen Olimpiýa stadionynda geçirilen çärede türgenleriň baýdakly geçişleri uly şatlyk-şowhuna beslendi.
25-nji fewrala çenli dowam etjek bu Olimpiadada 92 ýurtdan 3000-e golaý türgen gyşky sportlarynyň 15 görnüşi boýunça özara bäsleşerler. Phýonçhan – 2018-iň nyşany hökmünde saýlanan ak gaplaň, has takygy, “Soohorang” koreý dilinde “goragçy gaplaň” diýen manyny aňladýar. Türgenler 2 hepdeden gowrak dowam etjek Olimpiada döwründe 4 müň adama niýetlenen Olimpiýa şäherjiginde bolarlar. Günorta Koreýanyň demirgazygyndaky Phýonçhan şäheri paýtagt Seuldan 130 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Phýonçhan bu Olimpiadany guramak üçin 2011-nji ýylda geçirilen ses berlişikde Germaniýanyň Mýunhen hem-de Fransiýanyň Ansi şäherlerinden köp ses alypdy.