7-9-njy fewral aralygynda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bu çäräniň guramaçylary boldular. Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamyndaky ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik toparlary, halk senetçiliginiň ussatlary girdiler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde bolan Eýran Yslam Respublikasynyň wekilleriniň kabul edişliginiň barşynda medeniýet ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. Şu mynasybetli bu ýere medeniýet ulgamynyň edaralarynyň ýolbaşçylary we Aşgabatdaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi hem-de talyplary gatnaşdylar.
Çykyş edenler bu çäräniň döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmekdäki, biziň halklarymyzyň dostluk we doganlyk arabaglanyşygyny pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtadylar. Eýranyň Medeniýet günleriniň Aşgabatda geçirilmeginiň medeniýetleriň mundan beýläk-de özara baýlaşmagyna, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň hünär gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam etjekligi bellenildi.
Medeni çäre dostlukly ýurduň artistleriniň beren konserti bilen açyldy. Mukamlar köşgüniň sahnasynda Horasan welaýatynyň sazandalarynyň we aýdymçylarynyň, gadymy taryhly Töwriz şäherinden gelen “Araz” folklor toparynyň çykyşlary boldy. Eýranly artistler nusgawy sazlary, Gündogar şahyrlarynyň goşgularynyň esasynda aýdylýan gadymy şahyrana heňleri ýerine ýetirdiler, şeýle hem ajaýyp aýdyň horeografik çykyşlary görkezdiler. Tomaşaçylar zehinli myhmanlaryň her bir çykyşlaryny dostlukly elçarpyşmalar bilen garşyladylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde goňşy ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi boldy. Sergide eýran kalligraflarynyň, miniatýurçylarynyň, grawirleýjileriniň, halyçylarynyň, agajy we daşy ýonujylaryň we beýlekileriň işleri görkezildi. Şeýle hem iki ýurduň halk ussatlarynyň duşuşygy geçirildi. “Aşgabat” kino merkezinde Eýran Yslam Respublikasynyň kinematografiýasynyň esasy ugurlaryny has doly açýan filmleriň görkezilişi boldy. Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnasynda iki ýurduň çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary görkezildi. “Watan” kinokonsert merkezinde bolsa, eýran folklor toparynyň konserti geçirildi.
9-njy fewralda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Onda sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.