6-njy fewralda agramy has ýokary bolan “Falcon Heavy” raketa göterijisiniň uçuşy ABŞ-nyň Florida ştatynyň Kanaweral burnundaky kosmodromdan amala aşyryldy. “Falcon Heavy” soňky 45 ýylyň içinde uçurylan raketalaryň iň güýçlüsi bolup, onuň uçuşyna 7 ýyl taýýarlyk görüldi. Raketanyň gapdalyna berkidilen 3 tizleşdirijiniň ikisi wezipesini ýerine ýetirenlerinden soň, Ýere dolandylar.
– Amala aşyrylan uçuş meni ruhlandyrýar. Bularyň ählisi “SpaceX” toparynyň tagallasy bilen amala aşyryldy. Olar iň uly häzirki zaman raketa göterijisini döredip, akylyňa-oýuňa gelmeýän işiň hötdesinden geldiler – diýip, “SpaceX” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask gürrüň berdi. Raketa Ýeriň dartyş meýdanyndan çykyp, asteroid guşaklygyna tarap ugur aldy. Raketanyň bortunda ýük hökmünde Ilon Maskyň elektromobili “Tesla Roadster” ornaşdyryldy. Onuň rulunda bolsa, astronawtyň eşiginde oturan maneken bar. Awtoulagda Dewid Bouiniň “Space Oddity” atly aýdymy ýaňlanýar. Gyzyl reňkli ulaga gözegçilik kameralary berkidilip, kosmosdan Ýere şekilleri ugradar. “SpaceX” kompaniýasynyň bu raketasy dünýäniň iň güýçli raketasy bolup, onuň kuwwaty 18 sany “Boeing 747” uçaryna barabardyr.