Eger-de adam artykmaç agramdan dynmaga we ony tizleşdirmäge tagalla edýän bolsa, onda özüniň iýmit sanawyna ýaňadandan nazar aýlamalydyr. “The Health” saýtynyň ýazmagyna görä, bilermenler ertirlik naharynda kofe ýa-da çaý bilen hökman ýumurtga iýmegi maslahat berýärler. Geçirilen barlaglarda sport zallaryna gatnaýan köp türgenleriň kofe içýänligi belli bolupdyr. Bilermenler kofä ýumurtga goşulan ýagdaýynda peýdaly täsiriň has-da artýandygyny öňe sürýärler.
Alymlar Wengriýa, Skandinaw ýurtlarynda, Wýetnamda we beýleki käbir ýurtlarda gyzgyn gara kofä çig ýumurtga goşýandyklaryny muňa delil hökmünde görkezýärler. Häzir bu garyndy türgenleşige başlamazdan ozal, içilýän içgi hökmünde has meşhurlyk gazanýar. “Eger-de çig ýumurtga içilende “salmonellez” ýaly halatlar ýüze çykyp, aşgazan-içege traktyna zeper ýetirmezmi?” diýen ýaly sowallar orta çykýar. Ýöne alymlar gyzgyn kofäniň ony howpsuz ýagdaýa getirýändigini we bakteriýalaryň ýokary temperatura döz gelip bilmeýändiklerini tassyklaýarlar. Şeýle hem 2013-nji ýylda ýapon şereketi “Kao Japan” “Healthya” atly kofe öndürip, onuň ýag çökündilerini köýdürýändigini öňe sürüpdi.