HÄZIRKI ZAMAN IŞEWÜRLIK
MERKEZLERI
Täze işewürlik toplumy Aşgabat şäheriniň demirgazygynda, abadanlaşdyrylan G.Kulyýew köçesiniň ugrunda guruldy, bu köçäniň iki tarapynda hem kaşaň, häzirki zaman düzümleri bolan işewürlik merkezleri peýda boldy. Olaryň gurulmagy üçin umumy meýdany 69 gektara deň bolan ýer bölegi milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine bölünip berildi. TSTB-si bu taslama 1 milliard manat maýa goýumyny gönükdirip, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylan ýüze golaý binany ulanmaga bermäge doly taýýarlady.
Ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk böleginiň wekilleri ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdelerini özleşdirmek boýunça önümçilikleriň döredilmeginde baý tejribe topladylar, gurluşyk senagatynda hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde daşary ýurt kompaniýalary bilen mynasyp bäsleşýärler. Ilatyň uly isleginden peýdalanýan harytlaryň önümçiligi, ulag, söwda we hyzmatlar, logistika ulgamlary türkmen telekeçileriniň işleriniň sanawynda esasy orny eýeleýär. Olar milli ykdysadyýetimiziň oba-senagat toplumy, dokma we himiýa pudaklary ýaly möhüm ugurlarynda öz orunlaryny berkidýärler.
Milli Liderimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi. Şeýlelik bilen, Aşgabadyň täze işewürlik toplumy açyldy. Bina edilen desgalaryň birmeňzeş nusgadaky taslamalary şol bir binagärlik görnüşde ýerine ýetirilipdir, bu bolsa, doly täze keşbe giren şäheriň bu böleginiň aýratyn sazlaşygyny emele getirýär. Paýtagtymyzyň demirgazygynda kemala gelen işewürlik toplumy telekeçilik durmuşynyň jemlenýän ýene bir merkezine, guramaçylykly lomaý we bölek söwda amallarynyň ýerine ýetirilýän künjegine öwrüler. Bu toplumyň açylmagy bilen, bu ýerde müňlerçe täze iş orunlary hem döredildi.
Döwlet Baştutanymyz “Altyn” söwda merkeziniň binalar toplumynda goýlan türkmen telekeçileriniň öndüren gurluşyk serişdelerini we senagat önümlerini gözden geçirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz nobatdaky bina bardy. Bu ýerde “Döwlet gurluşyk” söwda merkeziniň edara binasyndan başga-da, seýilgähler we dynç alyş zolaklary üçin niýetlenen önümler, tebigy serişdeler, plastik önümleri, şol sanda gapylar, penjireler, dürli görnüşli turbalar we beýlekiler satylýan dükan ýerleşýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz “Ala-ýaz” işewürlik we söwda merkezine bardy. Bu ýerde alyjylara mebel we haly önümleri hödürlenilýär.
SEBITIŇ IRI SENAGAT DESGASY
Döwlet Baştutanymyz şol gün Ahal welaýatynyň çäginde gurlan aýna kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Milli Liderimiziň öňde goýýan wezipelerine laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly pudaklaryny täzeçil usulda, baý tebigy serişdelerimizi netijeli peýdalanmak esasynda ösdürmek boýunça daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik ösdürilýär, sebitler senagat taýdan galkynýar, adamlaryň ýaşaýyş we durmuş şertleriniň ýokary derejesi ýola goýulýar.
Muňa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çägindäki Owadandepe senagat zolagynda kuwwatly gurluşyk toplumynyň kemala gelmegi hem aýdyň subutnamadyr. Bu künjekde metal we dürli armaturalaryň önümçiligi boýunça “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasy, iri gaz-beton zawody, şeýle hem ýerli tebigy serişdelerden örtük materiallaryny taýýarlaýan “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde mermer we granit daşlaryny işläp taýýarlaýan fabrik hereket edýär.
Ýerli çig mallaryň binýadynda aýna önümçiligi boýunça täze senagatyň uly geljegi açyldy. Bu ýerde deňi-taýy bolmadyk “Türkmen aýna önümleri” häzirki zaman kärhanasynyň gurluşygy hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Aýna önümçiliginiň öňdebaryjy tehnologiýasy bu taslamanyň esasyny düzdi.
Senagat toplumynda bir-biri bilen baglanyşykly tehnologiki ulgam bolup, ol çäge kwarsynyň esasynda çig mal taýýarlamak boýunça bölümden, dürli ölçegdäki we dürli galyňlykdaky ýalpyldawuk aýnalaryň önümçiligi boýunça bölümden, şeýle hem aýnany ýakyp taplaýan bölümden we gaýtadan işleýän hem-de taýýar önümler bölümlerinden ybaratdyr.
2015-nji ýylda gurluşygyna badalga berlen bu taslama Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkiýäniň “Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret Anonim Şirketi” kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Täze toplumyň eýeleýän meýdany 24 gektara barabar bolup, onda önümçilik bölümlerinden başga-da, edara ediş binasy, 48 maşgala niýetlenen iki sany ýaşaýyş jaýy, 400 orunlyk iki umumy ýaşaýyş jaýy, çagalar we sport meýdançasy, şeýle hem toplumyň desgalarynyň sazlaşykly işini üpjün etmäge niýetlenen inženerçilik-tehniki düzüm bar.
Hormatly Prezidentimiz açylyş dabarasynda daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Olar bilen hyzmatdaşlykda aýna kärhanasyny gurmak boýunça iri möçberli taslama amala aşyryldy. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, tutuş Orta Aziýa sebitinde örän uly senagat desgalarynyň biri bolan täze “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen gutlady.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Watanymyzy dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň birine öwürmek barada öz öňümizde belent maksadyň goýlandygyny belledi. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň ýerasty we ýerüsti çig mallaryna baý döwletdigi, bu serişdeleri mähriban halkymyzyň bähbidine tygşytly we netijeli peýdalanmagyň, senagat pudagynyň esasy wezipesi bolup durýandygy bellenildi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň we halk hojalygynyň senagat harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin birnäçe iri maýa goýum taslamalar amala aşyrylýar. Şeýle taslamalaryň biri-de şu gün açylyp, ulanmaga berilýän “Türkmen aýna önümleri” kärhanasydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Gökdepe etrabynyň Owadandepe obasynda iri senagat kärhanasynyň bina edilmegi senagat pudagyny yzygiderli ösdürmek, ýurdumyzda alnyp barylýan iri möçberli gurluşyklaryň ýokary hilli aýna önümlerine isleglerini üpjün etmek bilen şertlendirilendir. Bu taslamany “Tepe Türkmen” türk kompaniýasy amala aşyrdy.
Täze senagat toplumynda Germaniýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Finlýandiýanyň tehnologiýa enjamlary ornaşdyryldy. Degişli hünärmenler taýýarlandy.
Bu ýerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýüzi örtükli aýnanyň 1 million inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň, taplanan aýnanyň hem 300 müň, aýna paketleriniň bolsa, 400 müň inedördül metrini öndürmek göz öňünde tutulýar. Önümleriň hemmesi ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Häzirki döwürde dürli ölçegli gaplaryň, hojalyk we lukmançylyk maksatly önümleriň 15 görnüşini çykarmak ýola goýuldy. Bu önümleriň köp bölegi daşary ýurtlara eksporta iberiler.
Täze kärhanada işlejek hünärmenleriň we olaryň maşgala agzalarynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, abadan durmuşda ýaşamagy we dynç almagy üçin hem zerur şertler döredildi. Şu maksat bilen, bu ýerde 48 maşgala niýetlenen iki sany iki gatly ýaşaýyş jaýy, şeýle hem 400 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän bu kärhanada 833 adam zähmet çeker, munuň özi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga ýardam berer. Milli Liderimiz döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen täze kärhananyň Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan ösdürmäge, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmäge uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirýändigini aýtdy.
Soňra milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy jenap Rifat Hisarjyklyogluna söz berdi. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistan senagatlaşdyrmak ugruna eýermek arkaly Ýewraziýa sebitinde senagat merkezine öwrüldi. Şu gün dabaraly ýagdaýda açylýan we dürli görnüşli aýna önümleriniň önümçiligi boýunça täze kärhananyň gurluşygynyň tamamlanmagy ýurduň ýokary ykdysady ösüşiniň aýdyň netijesidir. Rifat Hisarjyklyogly kärhananyň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmeginiň netijesinde, onuň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegini şertlendirýändigini nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň toý bagyny kesýär we toplumyň önümçilik binalaryna geçýär.
Döwlet Baştutanymyz alypbaryjynyň haýyşy esasynda düwmä basyp, aýna önümçiliginde iri desga bolan senagat toplumynyň önüm ulgamyna badalga berdi. Aýna önümleriniň we aýna gaplarynyň önümçilik tehnologiýasy hakyndaky wideofilmde önümçilik toplumynyň işi barada giňişleýin maglumat berilýär.
Bellenilişi ýaly, aýna önümçiligi häzirki zaman “float” tehnologiýasy esasynda bu ýerde termopolirlenen dury we reňkli aýnalar taplanan görnüşde öndürilýär. Täze usul aýnany ýylmamak üçin ozalky ulanylýan usulyň zerurlygyny aradan aýyrýar. Munuň özi aýna önümçiliginde hem-de onuň esasynda ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, şol sanda azyk senagatynda we lukmançylykda ulanylýan aýna gaplarynyň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik döredýän artykmaçlykdyr.
Şeýle hem Owadandepedäki täze kärhananyň tehnologiýa ulgamy dürli görnüşli aýnalaryň we azyk önümleri, derman serişdeleri üçin niýetlenen reňkli aýna gaplaryň önümçiligini özünde jemleýär. Italiýanyň “Bottero” kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli enjamy içgiler üçin niýetlenen bankalary, çüýşeleri, şeýle hem sygymy 0,25–den 3 litre çenli bolan lukmançylyk aýna gaplaryny öndürmäge mümkinçilik berýär.
Täze senagat desgasy ýurdumyzyň aýna önümçiliginde täze önümçilik bolmak bilen, onda önümçilik ulgamlarynyň anyklygyny, döwrebap ugurlaryny nazara almak bilen, milli hünärmenler daşary ýurtlarda degişli okuw we taýýarlyk işlerini geçdiler. Bu toplumda jemi müňe golaý täze iş orny döredildi.