Berkarar ýurdumyzda fewral aýy ykbal çözüji aýlaryň biri hökmünde milli senenamamyzda öz mynasyp ornuny aldy. Mälim bolşy ýaly, bu aýda ýurdumyzyň iri syýasy-jemgyýetçilik wakasy – Prezident saýlawlary geçirilip, olarda Gahryman hem-de mähriban Arkadagymyz halkymyzyň saýlan Lideri hökmünde ýokary döwlet wezipesine saýlanyp, döwletimizi ösüşiň täze belentliklerine çykardy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň köp ýyllardan bäri ýöredýän syýasaty – parahatçylyk, durnuklylyk we ösüş maksatlaryna gönükdirilip, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Fewral aýyndaky şanly seneler resmi taýdan bellenilýän baýramçylyklaryň senenamasyna girmeýär, ýöne ýurdumyzyň ýylýazgysynda aýratyn orny eýeläp, 2007-nji ýylda, soňra 2012-nji we 2017-nji ýyllarda türkmenistanlylaryň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan wajyp çözgüdi ýatladýar.
Millionlarça adamlar konstitusion hukuklaryna laýyklykda we geljegiň öňündäki jogapkärçiligine düşünip, täze döwür üçin öňdengörüjilikli syýasaty ýöredýän hormatly Prezidentimize öz seslerini berip, oňa geljek ýedi ýylyň dowamynda döwlet Baştutany wezipesini ynandy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze rejelenen görnüşine laýyklykda, Prezidentlik döwrüniň uzaldylmagy ýurdumyzyň ýolbaşçysyna mähriban Watanymyzyň rowaçlygyna, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary hem-de taslamalary doly durmuşa geçirmäge giň mümkinçilik berdi.
Gözümiziň alnynda we tutuş dünýä bileleşiginiň nazarynda ägirt uly meýilnamalar durmuşa geçirildi. Giň möçberli syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri ýurdumyzyň keşbini düýpli özgertdi. Jemi içerki önümiň sazlaşykly ösüşi, senagatyň köpugurly esasda öňe gitmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiliginiň ýola goýulmagy we täze eksport mümkinçilikleriniň açylmagy milli Liderimiziň durmuşa geçirýän özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr.
Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, gaz geçirijileriň, gara we demir ýollaryň, deňiz hem-de howa menzilleriniň köpugurly ulgamyny döretmek, nebiti we gazy gaýtadan işleýän önümçilikleri, erkin ykdysady zolaklary kemala getirmek babatda möhüm ädimler ädildi. Özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygy, daşary ýurt maýalaryny çekmek, halk hojalygyny dolandyrmagyň tutuş guralyny döwrebaplaşdyrmak, bazar gatnaşyklaryny we hususy pudagy ösdürmek işlerine ägirt uly depgin berildi.
Ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijeleri sanardan köp. Bu bolsa, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ähli özgertmeler maksatnamasynyň esasy aýratynlygyny, şolaryň täzeçil we toplumlaýyn häsiýete eýedigini, halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendigini tassyklaýar.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda Türkmenistany 2018–2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen esasy işler hem bar.
Ähli öňde goýlan maksatlaryň durmuşa geçiriljekdigi şübhesizdir. Munuň şeýledigini geçen ýylyň tejribesi görkezdi we biz ägirt uly meýilnamalary amala aşyrmaga ukyplydyrys. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleri, ýeten derejesi her bir adamyň durmuşynda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa tutuş halkymyzyň öz Prezidentine – milli Liderimize bolan belent ynamyny pugtalandyrdy.