Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, Halk Maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti saýlawlarda synçylar hökmünde öz wekilleriniň gatnaşjakdygyny habar berdi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem-de daşary döwletlerden garaşsyz synçylaryň gelmegine garaşylýar.
Synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine gatnaşar, saýlaw gutularynyň açylýan wagtynda, ses berilmegine başlamazdan öň hem-de ses bermegiň barşynda, sesler sanalanda, okrug boýunça we umumy jemler jemlenende, saýlawlaryň netijeleri kesgitlenen mahalynda şol ýerde bolup biler.
Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär. Dalaşgärleri hödürlemek 24-nji ýanwarda başlandy, olar 27-nji fewrala çenli bellige alnar. Bu jemgyýetçilik-syýasy çärä halkara we milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň aýanlygyna hem-de berk kanunçylyga laýyklykda, guralmagyna kömek eder. Şu güne çenli Demokratik partiýadan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, jemgyýetçilik guramalaryndan hem-de birleşiklerinden we raýatlar toparlaryndan 2963 synçy bellige alyndy.