Bötendag belentliginiň golaýynda zyýanly tozanlaryň öňüni almak maksady bilen, çöl agaçlaryndan ybarat 20 müň gektarlyk tokaý zolagynyň düýbüniň tutulmagy bu belentligiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki Bötendag belentligi Sarygamyş kölüniň günbatar tarapynda gadymy Tüni derýanyň köne akymynyň ugrunda ýerleşýän baýyrlaç dag. Onuň uzynlygy 5-8 kilometre, ini çen bilen 2-3 kilometre barabar bolup, demirgazykdan günorta uzaýar. Bötendag hiç bir dag ulgamy bilen birleşmeýän özboluşly dag bölegidir. Onuň demirgazyk tarapy has pes bolup, günorta gitdigisaýy beýgelip, iň belent ýeri 100 metre golaýlaýar.
Rowaýatlara görä, bu dag belentligi bir gijede peýda bolanmyş. Arap-pars dillerinden terjime edeniňde “syrly, mukaddes, güberip duran, kaşaň” manylary bolup, onuň Bötendag ady galanmyş. Bötendag uzaklardan seredeniňde hem takyr meýdanda bir ýerden getirilip goýlan dag bölegine çalym edýär. Bötendagyň günorta tarapynyň iň beýik ýerinde Ybraýym Edhem ýadygärlikler toplumy ýerleşýär. Ol ýerde Ybraýym soltanyň, Edhem sahabanyň, Bibi Zülfiýa Aýymyň, Çilgez sopynyň ady bilen baglanyşykly köp sanly ýadygärlikler bar. Ybraýym Edhem ýadygärlikler toplumynyň demirgazyk gündogar tarapynda ýerli ilatyň Akgala diýip atlandyran gadymy galasy saklanyp galypdyr.
Bötendag belentliginiň golaýynda bu dag bilen atdaş çarwa obasynyň hem bardygyny aýtmak gerek.
Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu çarwa obasyna hem tebigy gaz, elektrik energiýasy çekildi. Bötendag obasy hem ýurdumyzyň köp sanly beýleki obalary ýaly şanly ösüşleri başdan geçirýär.
Myrat Guljykow,
Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Daşoguz
welaýatynyň Saparmyrat ürkmenbaşy etrap birleşmesiniň başlygy.