2018-nji ýy­lyň 13-nji few­ra­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi­niň 2018-nji ýyl üçin iş me­ýil­na­ma­sy bi­len ta­nyş­dyr­mak­ly­ga ba­gyş­la­nan te­ge­lek sto­luň ba­şyn­da bri­fing ge­çi­ril­di. Bu çä­re Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi bilen BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi tarapyndan bilelikde gu­ral­dy.
Bri­fin­ge Türk­me­nis­tan­da­ky da­şa­ry döw­let­le­riň ýur­du­myz­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry, Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri, şeý­le hem da­şa­ry ýurt žur­na­list­le­ri gat­naş­dy­lar.
BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň ýö­ri­te we­ki­li, Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Na­tal­ýa Ger­man te­ge­lek sto­luň işi­ne gat­na­şy­jy­la­ra ge­çen ýyl bo­ýun­ça edi­len iş­ler ba­ra­da aý­dyp, 2017-nji ýy­lyň 11-nji de­kab­ryn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we Ow­ga­nys­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň Aş­ga­bat­da­ky du­şu­şy­gyn­da ma­kul­la­nan, 2018–2020-nji ýyl­lar üçin ka­bul edi­len mer­ke­ziň iş mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de 2018-nji ýyl­da mer­ke­ziň ama­la aşyr­jak iş­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­dy.
Bel­le­nil­işi ýa­ly, ge­çen ýyl­lar­da Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi hä­zir­ki dö­wür­de ze­rur bo­lan öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň gu­ral­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­ga, howp­suz­ly­ga we dur­nuk­ly­ly­ga ýar­dam ber­mek bo­ýun­ça uly tej­ri­be ga­zan­dy.
Mer­ke­ziň işi di­ňe bir sy­ýa­sy me­se­le­ler bi­len çäk­len­män, daş­ky gur­şa­wy we suw se­riş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­ma­gyň me­se­le­le­ri­ne hem de­giş­li bo­lup dur­ýar. Ha­nym Ger­man Aral deň­zi­niň me­se­le­le­ri­ni çöz­mek bo­ýun­ça, esa­san hem, Ara­ly ha­las et­mek bo­ýun­ça Hal­ka­ra gaz­na­syn­da baş­lyk­lyk et­me­gi döw­rün­de Türk­me­nis­tan bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk et­jek­dik­le­ri­ni bel­läp geç­di.