Go­laý­da Mosk­wa­da VI Hal­ka­ra gyş­ky we­lo­si­ped kong­re­si­niň çäk­le­rin­de Üçün­ji gyş­ky we­lo­si­ped­li ýö­riş ge­çi­ril­di. Bu çä­rä gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da di­ňe bir mosk­wa­ly we onuň beý­le­ki se­bit­le­ri­niň ýa­şaý­jy­la­ry bol­man, eý­sem, 25 ýur­duň we­kil­le­ri­niň, şol san­da Finl­ýan­di­ýa­nyň, Nor­we­gi­ýa­nyň, Şwe­si­ýa­nyň we Çi­li­niň ra­ýat­la­ry hem bar. Şeý­le çä­rä gat­naş­ýan­lar Frun­ze ke­nar ýa­ka­syn­dan Krem­le çen­li so­wuk ho­wa­da 14 ki­lo­metr ýo­ly kül­ter­le­di­ler.
Mosk­wa­da il­kin­ji gyş­ky we­lo­si­ped­li ýö­riş 2016-njy ýy­lyň 9-njy ýan­wa­ryn­da ge­çi­ri­lip­di, 2017-nji ýyl­da bol­sa, 8-nji ýan­wa­rda ge­çi­ri­lip­di. We­lo­si­ped­li ýö­ri­şiň ge­çi­ril­ýän döw­ri Mosk­wa­nyň mer­ke­zi kö­çe­si we­lo­si­ped­çi­le­riň yg­ty­ýa­ry­na be­ril­di. Few­ral aýyn­da ge­çi­ri­len Üçün­ji gyş­ky we­lo­si­ped­li ýö­riş şu ýy­lyň do­wa­myn­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän beý­le­ki we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­riň hem ba­dal­ga­sy bo­lar. Onuň in­di­ki tap­gy­ry­ny maý aýyn­da ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ge­çen ýyl­ky maý­da ge­çi­ri­len we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe azyn­dan 40 müň we­lo­si­ped­çi gat­na­şyp­dy.