Tokio büs-bütin agaçdan ybarat 70 gatly gökdirän gurmagy meýilleşdirýär. Ýapon kompaniýasy “Sumitomo Forestry” bu adaty däl binanyň gurluşygyna takmynan, 5,5 milliard dollar we 185 müň kubmetr agaç sarp eder. Binanyň diňe polat karkasyndan galan zady agaçdan gurlar. Ol bolsa, ýertitremesinde jaýy goramak maksady bilen ulanylar. 250 metr belentligindäki gökdiräniň dünýäde ilkinji agaçdan gurlan 70 gatly bina boljakdygy bellenip geçilýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Ýaponiýada şeýle aýratynlykly 7 gatly jaý bolup, ol hem “Sumitomo Forestry” kompaniýasynyň özboluşly taslamasydyr.
Şeýle hem kompaniýanyň hünärmenleri gökdiräniň umumy meýdanynyň 450 müň inedördül metr boljakdygyny habar berdiler. Onuň içinde ofislerdir myhmanhanalar we hususy öýler ýerleşdiriler. Şonuň ýaly hem gökdiräniň gurluşygy üçin zerur bolan gurluşyk materiallarynyň adaty agaç jaýlarynyň 8 müňüsine ýetjekdigi bellenip geçilýär. Gökdiräniň gurluşygyna başlamazdan ozal, onuň gowşak ýerini anyklamak maksady bilen 14 gatly nusgasyny gurarlar. Gurluşyk işlerini 2041-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Taýýarlan Ogulniýaz BABAÝEWA,
S.A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.