Ame­ri­kan şe­re­ke­ti “In­tel” ýa­kyn ýyl­lar­da dün­ýä ba­za­ryn­da peý­da bol­jak “akyl­ly” äý­ne­gi­ni köp­çü­li­ge hö­dür­le­di. Gel­jek­de smart­fon­la­ryň ýe­ri­ni tut­jak bu äý­nek­ler hä­zir­ki wagt­da has-da kä­mil­leş­di­ril­ýär. “Akyl­ly” äý­nek ada­ty äý­nek­ler­den 50 gram agyr bo­lup, ga­ty üns be­rip, si­ňe se­ret­me­seň, ada­ty äý­nek­ler­den on­çak­ly ta­pa­wut­lan­dy­ryp bol­ma­ýar. “In­tel Vaunt” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan bu mo­del disp­leý­siz “akyl­ly” äý­nek­dir. Ze­rur mag­lu­mat­la­ry şe­kil­len­dir­ýän la­zer bol­sa, äý­ne­giň sag sa­pyn­da ýer­leş­ýär. Ol lin­za­da­ky ýö­ri­te şe­kil­len­di­ri­ji­de ze­rur şe­kil­le­ri gör­kez­mä­ge ukyp­ly bo­lup, ne­ti­je­de, şe­kil­ler gö­ni gö­züň set­çat­ka­sy­na düş­ýär. Mu­nuň özi şu­nuň ýa­ly “akyl­ly” äý­nek­le­ri hat­da gö­r­şi ýa­ra­maz bo­lan­la­ryň hem ula­nyp bil­jek­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Taýýarlan Laçyn GELDIÝEWA,
S.A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.