Birleşen Arap Emirlikleriniň dürli emirliklerinde güýmenje pudagynda amala aşyrylýan iri taslamalar özüniň aýratynlyklary boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başarýar. Golaýda dünýäniň iň uzyn urganly ýoly bilen bu kitaba adyny ýazdyran BAE bu gezek Dubaýdaky iň beýik myhmanhanasy bilen meşhurlyk gazandy.
Iň beýik
myhmanhana açyldy
Dünýäniň iň beýik myhmanhanasy Dubaý şäherinde ulanmaga berildi. Mundan ozalky rekord hem ýene-de Dubaýyň “JW Marriott Marquis” myhmanhana toplumyna degişlidi. 72 gatly bu myhmanhananyň beýikligi 355 metrdir. Täze “Gevora” myhmanhanasy Şeýh Zaýed şaýolunyň ugrunda gurlup, ol 75 gatdan ybaratdyr. Myhmanhana toplumynyň beýikligi 356 metre barabar.
Iň uzyn asma ýol
Dürli derejelerdäki rekordlary bilen tanalýan Birleşen Arap Emirlikleri olaryň üstüni täze bir rekord bilen ýetirdi. Bu gezek dünýäniň iň uzyn asma ýoly bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Şu ýylyň 1-nji fewralynda BAE-niň Ras-Al-Heýma emirliginde 2,83 kilometr uzynlygynda (28 futbol meýdançasynyň uzynlygyna deň) asma ýol gurlup, ulanmaga berildi. Täze attraksion Jebel Jaýs dagynda ýerleşip, eýýäm Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Asma ýol iki zolakdan ybarat bolup, her günde 200 adama, bir ýylda bolsa, 100 müň adama hyzmat eder. Onuň iň ýokary göterijilik kuwwaty 150 kilograma deňdir.
Mundan ozalky rekord Puerto Rikoda goýlupdy. Bu ýurtda 2,2 kilometr uzynlygynda asma ýol ulanmaga berlipdi.